Isa Hudaýmy? Isa özüne Hudaý diýdimi?



Sorag: Isa Hudaýmy? Isa özüne Hudaý diýdimi?

Jogap:
Injildäki ýazgylarda Isa hiç haçan sözme-söz “Men Hudaý” diýmeýär. Emma bu Onuň özüne Hudaý diýen däldigini aňlatmaýar. Mysal üçin, Isanyň Ýahýa 10:30-daky sözlerine ser salalyň: “Men we Ata birdiris.” Göräýmäge bu Hudaýlyga dalaş etmek däl ýalydyr. Emma Onuň sözlerine Ýehudylaryň beren jogabyna serediň, “Ýehudylar Oňa: ‘Biz seni bularyň hiç biri üçin däl, Hudaýa dil ýetirýänligiň üçin, ýagny ynsan halyňa Özüňi Hudaý saýýanlygyň üçin daşlajak bolýarys’ diýdiler.” (Ýahýa 10:33). Aşakdaky setirleri aýtmak bilen Isa hiç haçan Ýehudylary düzetmeýär, Aşakdaky setirleri aýtmak bilen Isa hiç haçan Ýehudylary düzetmeýär, “Men özüme Hudaý diýmedim.” Bu “Men we Atam birdiris” (Ýahýa 10:30) diýmek bilen Isanyň hakykatdanda Özüne Hudaý diýendigini görkezýär. Başga bir mysal bolsa Ýahýa 8:58-dir. Isa “Men size hakykaty aýdýaryn, Ybraýym dogulmazyndan öň hem Men bardyryn!” diýip yglan edýär. Ýene-de, Ýehudylar Isany daşlajak bolýarlar (Ýahýa 8:59). Eger dinden çykyp Hudaýa dil ýetirdi diýip pikir etmedik bolsalar näme sebäpden Ýehudylar Isany daşlasynlar?

Ýahýa 1:1 “Söz Hudaýyň Özüdi,” diýýär. Ýahýa 1:14 bolsa “Söz tene öwrüldi,” diýýär. Bu Isanyň tendäki Hudaýdygyny aýdyň görkezýär. Resullaryň Işleri 20:28 şeýle diýýär: “Reb Hudaýyň Öz Gany bilen edinen ýygnagyny bakmak üçin, Mukaddes Ruhuň sizi içinde gözegçi edip goýan tutuş sürüsine göz-gulak boluň.” Kim öz gany bilen ýygnagy edinipdir? Isa Mesih. Resullaryň Işleri 20:28 Hudaýyň ýygnagy öz gany bilen satyn alandygyny beýan edýär. Diýmek, Isa Hudaýdyr!

Şägirt Tomas Isa bilen baglanşyklylykda, “Rebbim, Hudaýym” (Ýahýa 20:28) diýýär. Hudaý ony düzetmeýär. Titus 2:13 bizi Hudaýymyzyň we Halasgärimiziň – Isa Mesihiň – gelmegine garaşmaga çagyrýar (şeýle hem serediň 2 Petrus 1:1). Ýewreýler 1:8-de Ata Isa barada “Ogly hakda: "Eý Hudaý, Seniň tagtyň bakydyr, dogrulyk Seniň Patyşalygyňyň hasasy bolar’ diýýär” bildirýär.”

Ylhamda, bir perişde Ýahýa Resula diňe Hudaýa sežde etmegi ündeýär (Ylham 19:10). Mukaddes Kitapda birnäçe gezek Isa sežde edilýär (Matta 2:11; 14:33; 28:9; 17; Luka 24:52; Ýahýa 9:38). Ol hiç haçan özüne sežde edenleri ýazgarmaýar. Eger Isa Hudaý bolmasady, ol edil Ylhamdaky perişdäniň edişi ýaly adamlara Özüne sežde etmeli däldigini aýdardy. Mukaddes Kitapda Isanyň hudaýlygyny öňe sürýän başga-da birnaçe setirler we bölekler bar.

Isanyň Hudaýlygyna iň esasy sebäp eger Ol Hudaý bolmasa, Onuň ölümi dünýäniň ähli günälerine jeza hökmünde tölenmäge ýetmezdi. (1 Ýahýa 2:2). Diňe Hudaý şeýle çäksiz jezany töläp biler. Diňe Hudaý dünýäniň ähli günälerini öz üstüne alyp (2 Korintoslylar 5:21) günä we ölüme garşy ýeňiş gazanmak üçin ölüp hem direlip biler.



Türkmençe baş sahypa dolanmak



Isa Hudaýmy? Isa özüne Hudaý diýdimi?