Ebedi Ýaşaýşy ýetdiňizmi?



Sorag: Ebedi Ýaşaýşy ýetdiňizmi?

Jogap:
Injil ebedi ýaşaýşa barýan aýdyň ýol görkezýär. Birinjiden, ilki bilen biz Hudaýyň öňünde günälidigimizi boýun almalydyrys: "Sebäbi bary günä edip Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldy" (Rimliler 3:23). Hemmämiz Hudaýa ýaramaýan we bizi jeza mynasyp edýän işler etdik. Biziň ähli günälerimiz ahyrky netijede ebedi Hudaýa garşy bolany üçin, ol günälere diňe ebedi jeza ýeterlik bolýar. “Sebäbi günäniň muzdy ölüm, Hudaýyň sylagy bolsa, Rebbimiz Mesih Isada ebedi ýaşaýyşdyr” (Rimliler 6:23).

Emma bigünä Isa Mesih (1 Petrus 2:22), Hudaýyň ebedi Ogly ynsana öwrüldi (Ýahýa 1:1, 14) we biziň jezamyzy çekmek üçin öldi. “Hudaý bize bolan söýgüsini, biz entek günäkärkäk, Mesihiň biziň ugrumyzda ölmegi bilen görkezdi” (Rimliler 5:8). Biziň çekmeli jezamyzy özi alyp Isa Mesih haçda öldi (Ýahýa 19:31-42) (2 Korintoslylar 5:21). Günäniň we ölümiň üstünden Öz ýeňşini subut edip üç gün soň Ol direldi (1 Korintoslylar 15:1-4). “Ol beýik merhemetini görkezip Isa Mesihiň ölüleriň arasyndan direlmegi bilen bize ýaşaýan umyda täzeden dogluş berdi” (1 Petrus 1:3).

Halas bolmak üçin biz Isa – Ol kim, Onuň işleri we näme üçin edendigi - baradaky düşünjämizi iman bilen özgertmelidiris (Resullaryň Işleri 3:19). Onuň haçda biziň günälerimiz üçin ölendigine ynanyp, Oňa iman etsek, biz bagyşlanarys we bize jennetde ebedi ýaşaýyş wada berler. “Çünki Hudaý dünýäni köp söýýänligi üçin, Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşsyn diýip, Özüniň ýekeje Ogluny berdi” (Ýahýa 3:16). “Sen agzyň bilen Isany Reb hökmünde ykrar etseň, Hudaýyň Ony ölümden direldendigine ýüregiň bilen ynansaň gutularsyň” (Rimliler 10:9). Diňe Mesihiň haçdaky tamamlanan işine iman etmek ebedi ýaşaýşa barýan ýoldur! “Siz iman arkaly merhemet bilen gutuldyňyz. Bu siziň öz tagallaňyz däl, Hudaýyň sylagydyr. Hiç kim magtanmaz ýaly, oňat işlere-de bagly däldir” (Efesliler 2:8-9).

Eger Isa Mesihi Halasgäriňiz hökmünde kabul etmek isleseňiz, ynha size ýönekeý doga. Şu ýa-da haýsydyr bir başga dogany aýtmagyň sizi halas etmejekdigini ýatdan çykarmaň. Diňe Mesihe ynanmak sizi günälerden saklap biler. Bu doga diňe Hudaýa imanyňyzy beýan etmegiň we sizi halas edendigi üçin Oňa minnetdarlyk bildirmegiň bir ýoludyr. “Hudaýym, Men seniň öňüňde günälidigimi we jeza mynasypdygymy bilýärin. Emma Oňa imanym arkaly bagyşlanmagym üçin Isa Mesih meniň ýerime jezamy çekdi. Halas bolmak üçin men Saňa ynanýan. Ajaýyp merhemetiň we rehmiň – ebedi ýaşaýşy peşgeş bereniň - üçin saňa şükür edýärin! Omyn!”

Bu ýerde okanlaryň sebäpli Mesih üçin bir netijä geldiňmi? Eger şeýle bolsa, onda aşakdaky "Men şu gün Mesihi kabul etdim" düwmesine basyň.



Türkmençe baş sahypa dolanmak



Ebedi Ýaşaýşy ýetdiňizmi?