Halas bolmagyň meýilnamasy / ýoly näme?



Sorag: Halas bolmagyň meýilnamasy / ýoly näme?

Jogap:
Siz açmy? Elbetde gürrüň bedeni açlygy barada däl, durmuşda goşmaça bir zatlar küýseýärsiňizmi? Içiňizde hiç haçan kanagatlandyryp bolmaýan bir duýgy barmy? Eger şeýle bolsa, Isa dogry ýoldur! Isa “Men ýaşaýşyň çöregidirin. Maňa gelen asla aç bolmaz, we Maňa iman eden asla suwsamaz” diýýär (Ýahýa 6:35).

Pikirleriňiz bulaşdymy? Durmuşda ýöremäge ýol ýa-da ýetmäge maksat tutunyp bilmediňizmi? Kimdir biri yşyklary söndürip sizem olary ýakyp bilmeýän ýaly bolup dursuňyzmy? Eger şeýle bolsa, Isa dogry ýoldur. Isa şeýle jar edýär: “Men dünýäniň nurudyryn. Meniň yzyma eýeren tümlükde gezmez, onda ýaşaýyş nury bolar” (Ýahýa 8:12).

Özüňize durmuşda gulplanan ýaly duýýarsyňyzmy? Köp gapylardan medet gözläniňizde, olaryň aňyrsynyň boşdugyny we manysyzdygyny gördüňizmi? Manyly durmuşa girelge gözleýärsiňizmi? Eger şeýle bolsa, Isa dogry ýoldur! Isa “Men gapydyryn. Menden giren halas bolar. Ol girer, çykar, öri tapar” diýýär (Ýahýa 10:9).

Başgalar mydama siziň ynamyňyzy ödänokmy? Gatnaşyklaryňyz ýalpak we boş boldumy? Hemme kişi sizden bir peýda ütjek bolýan ýaly bolup durmy? Eger şeýle bolsa, Isa dogry ýoldur. Isa şeýle diýýar: “Men gowy çopandyryn. Gowy çopan goýunlary üçin janyny pida edýändir... Men gowy çopandyryn. Özümiňkileri tanaýandyryn, olar-da Meni tanaýandyr” (Ýahýa 10:11, 14).

Bu ýaşaýyşdan soň näme bolýanyny bilesiňiz gelýärmi? Ömrüňizi poslap çüýreýän zatlaryň ugrunda sarp etmekden ýadadyňyzmy? Käte durmuşyň manysy barmyka diýip şübhelenýärsiňizmi? Ölümden soň ýaşamak isleýärsiňizmi? Eger şeýle bolsa, Isa dogry ýoldur! Isa “Direliş-de, ýaşaýyş-da Mendirin, Maňa iman eden ölse-de, ýaşar. Her bir ýaşaýan we Maňa iman edýän asla ölmez” diýýär (Ýahýa 11:25-26).

Dogry ýol näme? Hakykat näme? Ýaşaýyş näme? Isa "Men – ýol, hakykat we ýaşaýyşdyryn, Mensiz hiç kim Ata baryp bilmez" diýip jogap berdi (Ýahýa 14:6).

Siziň duýýan açlygyňyz ruhy açlykdyr we ony diňe Isa kanagatlandyryp biler. Tümlügi ýagtyldyp biljek ýeke-täk kişi Isadyr. Isa kanagatlandyryjy durmuşa barýan gapydyr. Isa siziň gözleýän dostuňyz we çopanyňyzdyr. Isa bu we indiki dünýädäki ýaşaýyşdyr. Isa halas bolmagyň ýoludyr!

Özüňizi aç duýmagyňyzyň, özüňizi tümlükde azaşan ýaly duýmagyňyzyň, durmuşdan many tapyp bilmeýändigiňiziň sebäbi Hudaýdan aýra düşenligiňizdir. Injil hemmämiziň günälidigimizi we Hudaýdan aýra düşendigimizi aýdýar (Wagyzçy 7:20, Rimliler 3:23). Ýüregiňizdäki boşluk Hudaýyň durmuşyňyzda ýoklugydyr. Biz Hudaý bilen gatnaşykda bolmak üçin ýaradyldyk. Günälerimiz sebäpli, ol gatnaşykdan jyda düşdük. Has beteri, günämiz bizi Hudaýdan ebedi, bu dünýäde we indikide, mahrum goýar (Rimliler 6:23; Ýahýa 3:36).

Bu meseläni nähili çözmeli? Isa dogry ýoldur! Isa günämizi Öz boýnuna aldy (2 Korintoslylar 5:21). Isa, biziň çekmeli jezamyzy alyp, biziň ýerimize öldi (Rimliler 5:8). Isa üç gün soň günä we ölüme garşy ýeňşini subut etmek üçin ölülerden direldi (Rimliler 6:4-5). Ol näme üçin beýle etdi? Isa bu soraga Özi jogap berdi: “Bir adamyň öz dostlary üçin janyny pida etmeginden uly söýgi hiç kimde ýokdur” (Ýahýa 15:13). Biz ýaşap bilerimiz ýaly Isa öldi. Eger Isa iman etsek we Onuň ölüminiň günälerimiziň tölegidigine ynansak, ähli günälerimiz bagyşlanar we ýuwlar. Şonda biziň ruhy açlygymyz kanagatlandyrylar. Yşyklar ýanar. Manyly durmuşa gadam basarys. Hakykatda iň gowy dostumyzyň we gowy çopanyň kimdigini bileris. Biz ölümden soň – jennetde direlip Isa bilen ebedi durmuşda – ýaşajakdygymyza göz ýetireris!

“Çünki Hudaý dünýäni köp söýýänligi üçin, Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşsyn diýip, Özüniň ýekeje Ogluny berdi” (Ýahýa 3:16).

Bu ýerde okanlaryň sebäpli Mesih üçin bir netijä geldiňmi? Eger şeýle bolsa, onda aşakdaky "Men şu gün Mesihi kabul etdim" düwmesine basyň.



Türkmençe baş sahypa dolanmak



Halas bolmagyň meýilnamasy / ýoly näme?