settings icon
share icon
Sorag

Täze diller-de gürlemek peşgeşi nämedir?

Jogap


Täze diller-de gürlemekligiň ilkinji ahwalaty ellinji güni baýramçylygynda bolup geçýär Resullar 2:1-4-de. Resullar çykyp Hoş Habary köpçülige olaryň öz dillerinde ýetirdi: “Hudaýyň beýik işleri barada olaryň biziň ene dilimizde gepleýändigini eşidýäris” (Resullar 2:11). Grek dilinden terjime dil (tongue) diýip terjime edilen söz dil (language) diýmegi aňladýar. Şeýlelik-de, başga dillerde gürlemek peşgeşi bilmeýän diliňizde hoş habary beýan etmekdir. 1 Korintoslylaryň 12-nji we 14-nji aýatlarynda Pawlos Mukaddes peşgeşler barada gürleýär: “Eý, doganlar, men ýanyňyza baryp, nämälim dillerde gürlesem, ýöne aýanlyk, bilim, pygamberlik ýa-da taglymat öwretmesem, meniň size peýdam degermi?” (1 Korintoslylar 14:6). Resul Pawlosa görä we Resullaryň işleri kitabynda aýdylan dillere görä, başga diller-de gürlemek Hudaýyň habaryny öz dilinde diňleýän üçin gymmatlydyr emma bu teswirlenmese galan hemmeler üçin biderekdir.

Dilleri teswirläp bilmek peşgeşi bolan adam düşünmeýän dilinde gürlenilip durulan bolsa hem o dile düşünip biler (1 Korintoslylar 12:30). Soňra bu teswirleýji bu habary hemmeler düşünip bileri ýaly hemmelere düşündirer. “Nämälim dillerde gürleýän adam ony manylandyryp bilmegi üçin-de doga dileg etmelidir.” (1 Korintoslylar 14:13). Teswirlenmedik diller baradaky Pawlosyň jemlemesi täsirlidir: “Ýöne ýygnak-da beýlekilere-de öwüt-ündew berer ýaly, düşnükli bäş söz aýdanymy gowy görýärin. Bu nämälim dillerde aýdylan müňlerçe sözden gowudyr” (1 Korintoslylar 14:19).

Täze diller-de gürläp bilmek peşgeşi häzir üçinem niýetlenipmidi? 1 Korintoslylar 13:8-e görä bu peşgeş o döwürler hem ahyrky günlerine ýetip gelýärdi hernäçe bu diýilen bu ýagdaýy 1 Korintoslylar 13:10-daky “kämillige” baglanýan hem bolsa. Käbir adamlar Grek dilindäki “pygamberlikler we bilim gutarar” we diller “diller bitiriler kämillik gelmänkä” diýen işlikler üstünde durup geçýär. Bu mümkin bolsa hem ýazgylar-da bu açykdan-açyk däldir. Ýene käbirleri bolsa Işaýa 28:11 we Ýowel 2:28-29-y täze diller-de gürläp bilmek Hudaýyň höküminiň ýakynlaşýandygynyň alamaty hökmünde ulanýar. 1 Korintoslylar 14:22 dillerde gürläp bilmegi “imansyzlara alamat” diýip suratlandyrýar. Bu argumenta görä bu peşgeş Hudaý ýewreýleri Isany Mesih hökmünde görmändikleri üçin höküm etjekdiginiň duýduryşydy. Şeýlelik-de, Hudaý Ysraýyly (Ierusalim 70-nji ýylda Rimliler tarapyndan ýykylmagy bilen) jezalandyranda indi bu peşgeş soňuna çykyljakdy. Bu garaýyş hem mümkindir emma täze dillerde gürlemek maksady berjaý edilmegi munuň ýitip gitmegini talap etmeýär. Ýazgylar täze dillerde gürläp bilmek peşgeşi ýitip gidendigini aýtmaýar.

Şol bir wagtyň özünde, eger-de bu peşgeş häzirem kiliseler-de işjeň ýagdaý-da bolsady bu Mukaddes ýazgylara görä bolardy. Bu hakyky we akylly bir dil bolardy (1 Korintoslylar 14:10). Bu, başga dil-de gürleýän adama Hudaýyň habaryny ýetirmek üçin bolardy (Resullar 2:6-12). Bu, Hudaýyň Resul Pawlosa beren buýrugyna görä bolardy: “Eger araňyzda nämälim dillerde gürleýän bar bolsa, goý, ikisi ýa-da üçüsi gezek gezegine gürlesin; ýene biri manylandyrsyn. Emma manylandyryp bilýän bolmasa, onda nämälim dilde gürleýän dymsyn. Goý, ol özüne we Hudaýa gürrüň bersin.” (1 Korintoslylar 27-28). Bu 1 Korintoslylar 14:33-e gabat gelýän şekilde bolardy: “Çünki Hudaý bidüzgünçiligiň däl-de, parahatlygyň Hudaýydyr”

Hudaý kimdir birine başga dil-de gürleýän bilen düşünşip biljek dillerinde gürläp bilmek peşgeşini berip biler. Mukaddes ruh ruhy sowgatlary paýlamakda erkindir (1 Korintoslylar 12:11). Nähili çalt depgin bolardy eger-de missionerler dil kursyna gatnamaly bolmadyk bolsady we olar derrew başga diller-de gürläp bilýän bolsady. Ýöne Hudaý beýtmeýän ýaly. Ýat diller-de gürläp bilmek ahwalaty häzir o günler-de boluşy ýaly bolmaýan ýaly bu hernäçe peýdaly boljak bolsa hem. Beýle gürläp bilýändigini aýdýanlar muny ýokarda bellenip geçilen ýazgylara görä aýtmaýar. Bu ýagdaýlar bizi başga dillerde gürläp bilmek peşgeşi häzirler ýok, ol ýok bolup gitdi ýa-da Hudaýyň kilise üçin meýilnamasynda gaty seýrek gabat gelýär diýen jemlemä alyp barýar.

English



Türkmençe baş sahypa dolanmak

Täze diller-de gürlemek peşgeşi nämedir?
Facebook icon Twitter icon Pinterest icon Email icon
© Copyright Got Questions Ministries