settings icon
share icon
Sorag

Bagyşlandyňyzmy? Hudaý tarapyndan nähili bagyşlanmaly?

Jogap


Resullaryň Işleri 13:38 şeýle diýýär: “Biliň, eý doganlar, günäleriň bagyşlanmagy üçin Mesih arkaly size wagyz edilýär.”

Bagyşlanmak näme we ol maňa nämä gerek?

“Bagyşlamak” sözi hasaplary täzelemek, günä geçmek, bergiden geçmek diýen manylary berýär. Haçan-da biz birine ýamanlyk etsek, onuň bilen gatnaşyklary dikeltmek üçin bagyşlanmagymyzy soraýarys. Gutulyş öz-özünden berilmeýär, adam gutulyşa mynasyp bolmalydyr. Hiç kim bagyşlanmaga mynasyp däldir. Bagyşlamak söýgi, rehim we merhemeti öz içine alýan amaldyr. Bagyşlamak size eden zatlaryna garamazdan başga kişä garşy kine saklamazlyk baradaky karardyr.

Injil hemmeleriň Hudaý tarapyndan bagyşlanmaga mätäçdigini aýdýar. Hemmämiz günäli. Wagyz 7:20 şeýle diýilýär: "Dogrusy, ýer ýüzünde diňe ýagşylyk edip, hiç bir günä etmeýän dogry adam ýok." 1 Ýahýa 1:8-de “Günämiz ýok diýsek, onda biz özümizi aldaýandyrys, bizde hakykat ýokdur" diýilýär. Netijede ähli günäler Hudaýa garşy gozgalaňdyr. Şol sebäpden, Hudaýyň bagyşlamagyna ýiti mätäçlik duýýarys. Eger günälerimiz bagyşlanmasa, günälerimiz zerarly ebediligi jebir çekmek bilen geçirmeli bolarys (Matta 25:46; Ýahýa 3:36).

Bagyşlanmak – oňa nädip ýetmeli?

Şükür, Hudaý bizi söýýär we rehimlidir - günälerimizi bagyşlamaga göwünjeňdir! 2 Petrus 3:9-da …Reb siziň üçin sabyr edýändir, sebäbi Ol hiç kimiň heläk bolman, hemmeleriň toba etmegini isleýär" diýilýär. Hudaý bizi bagyşlamak isleýändigi üçin bagyşlanma mümkinçiligini döretdi.

Günälerimiz üçin ýeke täk adalatly jeza ölümdir. Rimliler 6:23-iň birinji ýarysynda “Çünki günäniň muzdy ölüm...” diýilýär. Günälerimiz bilen gazanan zadymyz ebedi ölümdir. Hudaý Öz kemsiz planynda adama – Isa Mesihe – öwrüldi (Ýahýa 1:1,14). Isa biziň çekmeli jezamyzy – ölümi – haçda ölmek bilen Öz üstüne aldy. 2 Korintoslylar 5:21 şeýle öwredýär: “Biz IsaMesih arkaly Hudaýyň dogrulygy bolarymyz ýaly, Ol biziň günälerimizi asla günä etmedik Isa Mesihiň üstüne ýükledi.” Isa haçda ölmek bilen biziň çekmeli jezamyzy çekdi! Hudaý hökmünde, Isanyň ölümi tutuş dünýäniň günäleriniň bagyşlanmagyna ýetýär. 1 Ýahýa 2:2-de “Ol biziň üçin gurban boldy, Hudaý ol arkaly biziň günälerimizi, diňe biziň däl, eýsem, bütin dünýäniň günälerini bagyşlad.” Ölüm we günäniň üstünden ýeňşini yglan edip Isa ölümden direldi (1 Korintoslylar 15:1-28). Hudaýa öwgüler bolsun, Isa Mesihiň ölümi we direlmegi bilen, Rimliler 6:23-iň ikinji ýarysy dogrudyr, “Hudaýyň peşgeşi bolsa, Rebbimiz Isa Mesihd arkaly berilýän ebedi ýaşaýyşdyr.”

Günäleriňiziň bagyşlanmagyny isleýärsiňizmi? Içiňizde gutulyp bilmeýän yzaly günälilik duýgysy barmy? Isa Mesihe Halasgäriňiz hökmünde iman etseňiz günäleriňiziň bagyşlanmagy mümkindir. Efesliler 1:7 şeýle diýýär: “Hudaý çuňňur baý merhemeti bilen Oglunyň döken gany arkaly günälerimizi bagyşlap bizi azat etdi” Biz bagyşlanarymyz ýaly, Isa biziň bergimizi töledi. Ähli etmeli zadyňyz Isanyň siziň bagyşlanmagyňyz üçin ölendigine ynanyp Hudaýdan Isa arkaly bagyşlanma soramakdyr we Ol sizi bagyşlar! Ýahýa 3:16-17-de şu ajaýyp habar bar: “Çünki Hudaý dünýäni köp söýýänligi üçin, Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşsyn diýip, Özüniň ýekeje Ogluny berdi. Hudaý Ogluny dünýä länet bolsun diýip däl-de, eýsem dünýä Ol arkaly halas bolsun diýip iberdi.”

Bagyşlanmak – ol çyndanam şeýle aňsatmy?

Hawa, ol şeýle aňsat! Siz Hudaý tarapyndan bagyşlanmagy gazanyp bilmersiňiz. Bagyşlanmak üçin Hudaýa töläp bilmersiňiz. Siz ony diňe Hudaýyň merhemeti we rehmi saýasynda iman arkaly kabul edip bilersiňiz. Eger Isa Mesihi Halasgäriňiz hökmünde kabul etmek we Hudaý tarapyndan bagyşlanmak isleseňiz, ynha size aýtmak üçin bir doga. Şu ýa-da haýsydyr bir başga dogany aýtmagyň sizi halas etmejekdigini ýatdan çykarmaň. Diňe Isa Mesihe ynanmak günäleriňiziň bagyşlanmagyna elter. Bu doga diňe Hudaýa imanyňyzy beýan etmegiň we sizi bagyşlandygy üçin Oňa minnetdarlyk bildirmegiň bir ýoludyr. “Hudaýym, Men seniň öňüňde günälidigimi we jeza mynasypdygymy bilýärin. Emma Oňa imanym arkaly bagyşlanmagym üçin Isa Mesih meniň ýerime jezamy çekdi. Halas bolmak üçin men Saňa ynanýaryn. Ajaýyp merhemetiň we bagyşlaýjylygyň üçin saňa şükür edýärin! Omyn!”

Bu ýerde okanlaryň sebäpli Isa Mesihi öz halasgäriňiz hökmünde kabul etmek kararyna bardyňyzmy?? Eger şeýle bolsa, onda aşakdaky "Men şu gün Mesihi kabul etdim" düwmesine basyň.

English



Türkmençe baş sahypa dolanmak

Bagyşlandyňyzmy? Hudaý tarapyndan nähili bagyşlanmaly?
Facebook icon Twitter icon Pinterest icon Email icon
© Copyright Got Questions Ministries