Arak/wino içmek babat-da Mukaddes Kitap näme diýýär?


Sorag: Arak/wino içmek babat-da Mukaddes Kitap näme diýýär? Mesihi adam üçin arak/wino içmek günämidir?

Jogap:
Mukaddes ýazgylar-da arak içmek barada köp aýdylandyr (Lewililer 10:9; Çölde 6:3; Kanun taglymaty 29:6; Ysraýyl Serdarlary 13:4; 7, 14; Süleýmanyň pähimleri 20:1; 31:4; Işaýa 5:11, 22; 24:9; 28:7; 29:9; 56:12), ýöne şonda-da Mukaddes Ýazgylar Mesihä piwo, wino ýada haýsydyr bir alkogol önümini içmegi gadagan etmeýär. Aslynda käbir ýazgylar alkogol hakynda pozitiw (oňyn) gürleýär. Wagyz 9:7 “şerabyňy göwnühoşluk bilen iç”diýýär. Zebur 103:14-15-e görä Hudaý “ynsan kalbyny şatlandyrýan şeraby” berýär. Amos 9:14-e görä öz üzümligiňden şerap içmek Hudaýyň ýalkandygynyň nyşanydyr. Işaýa 55:1 şerap almaga höweslendirýär “geliň, şeraby, süýdi pulsuz alyň...” diýmek bilen.

Alkogolly içgiler babatynda Mesihilere tabşyrylan buýruk serhoş bolmazlyk (Efesliler 5:18). Mukaddes Kitap serhoşlygy we munuň täsirlerini gynaýar (Süleýmanyň pähimleri 23:29-35). Mesihilere öz bedenlerini hiç bir zadyň guly etmezlik, hiç bir zada bagly etmezlik hem tabşyrylan (1 Korintoslylar 6:12; 2 Petrus 2:19). Gereginden artyk alkogol önümi içmek özüne bendi edijidigi iňkär edilmez. Mukaddes Kitap Mesihilere bagşa mesihileri kemsitjek, biynjalyk etjek ýa-da olary günä etmäge höweslendirjek zatlary etmegi hem gadagan edýär (1 Korintoslylar 8:9-13). Bu prinsipleri gözöňünde tutsak bir mesihi adam alkogolly içgini Hudaýy şöhratlandyrmak üçin içýändigini aýtmak gaty kyndyr (1 Korintoslylar 10:31).

Isa Mesih suwy şeraba öwürdi. Ýazgylara görä ol käte şerap hem içen ýaly (Ýohanna 2:1-11; Matta 26:29). Täze äht wakalary döwründe suw arassa däldi. Häzirkizaman sanitasiýalary bolmasa suw bakterialar, wiruslar, ýokuşdyryjy maddalar bilen doludyr. 3-nji dünýä ýurtlarynda bu häzirem şeýledir. Munuň netijesinde köp adamlar şerap (üzüm suwy) içmegi saýlaýardy sebäbi munda has az ýokuşdyryjy bolýar. 1 Timoteos 5:23-de Pawlos Timoteosa suw içmegi taşlamagy we şerap içip başlamagy tabşyrýar. Ol wagtlar şerap ajadylandy emma häzirki zaman alkogol önümleri ýaly däl. Muňa üzüm suwy şiresi diýip bolmaz elbet-de emma muňa häzirki zaman winosy bilen deň diýmek hem diýip bolmaz. Mukaddes ýazgylar Mesihilere piwo, wino ýa-da beýleki alkogol içgilerini içmegi gadagan etmeýär, bu günä däl. Serhoş bolmak, murdarlyk, tirýaki bolmak günädir we Mesihiler bu ýagdaýdan saklanmalydyr, gaça durmalydyr (Efesliler 5:18; 1 Korintoslylar 6:12).

Az mukdar-da tükedilen-de alkogol zyýanly däldir, tirýaki hem däldir. Aslynda käbir lukmanlar saglyk üçin, esasanam ýürek saglygy üçin az mukdarda gyzyl şerap içmegi maslahat berýär. Az mukdar-da alkogol tüketmek Mesihilikde erkindir. Tirýakilik we serhoşlyk bolsa günädir. Mukaddes Kitapdaky alkogol we munuň täsirleri, munda çenden aşa içmeklik aňsatlykdygyny gözöňünde tutsak bir mesihi adam üçin iň gowusy alkogol içmekden saklanmakdyr.



Türkmençe baş sahypa dolanmak



Arak/wino içmek babat-da Mukaddes Kitap näme diýýär?