settings icon
share icon
Sorag

Päk gyzdan dogulmak näme üçin beýle wajyp?

Jogap


Päk gyzdan dogulmak doktrinasy diýseň wajypdyr (Işaýa 7:14; Matta 1:23; Luka 1:27, 34). Ilki bilen, Mukaddes Ýazgylaryň bu wakany suratlandyrmasyna seredeliň. Merýemiň “bu nähili amala aşar?” sowalyna (Luka 1:34) Jebraýyl şeýle diýýär: “Mukaddes Ruh saňa iner, Iň Güýçliniň kuwwaty saňa kölege salar” (Luka 1:35). Perişde, Ýusuby, Merýeme öýlenmekde gorkmazlyga şeýle ruhlandyrýar: “Onuň göwresindäki, Mukaddes Ruhdandyr” (Matta 1:20). Matta şeýle diýýär: “Päkize gyz, Mukaddes Ruhdan bolan çaga bilen tapylmalydy” (Matta 1:18). Galatýalylara 4:4 hem Päkizeden dogulmany aýdýar: “Hudaý, zenandan doglan ogluny iberdi.”

Bu parçalardan mälimdir ki, Isanyň dogulyşy Mukaddes Ruhuň Merýemiň bedenindäki işiniň netijesidir. Gaýry-material (Mukaddes Ruh) we material (Merýemiň ýatgysy) ikisi hem rol aldy bu prosedurada. Merýem öz-özüni göwreli edip bilmezdi elbetde we bu kontekstda Merýem diňe bir “daşaýjydy”. Diňe Hudaý beýle mugjyzany (gudraty) amala aşyryp bilerdi.

Emma Isa we Merýem arasyndaky fiziki baglanşygy iňkär etmek Isanyň bütinleý adam däldigini aňladar. Mukaddes Ýazgylar bize Isanyň dolulygyna adamdygyny öwredýär, biziň ýaly fiziki bedene eýedigini öwredýär. Ol muny Merýemden miras aldy. Şol bir wagtyň özünde Isa dolulygyna Hudaýdy, baky we günäsiz tebigaty bilen (Ýahýa 1:14; 1 Timoteos 3:16; Ybranylara 2:14-17.)

Isa günä bilen dogulmady; bu diýmek onuň günäli tebigaty ýokdy (Ybranylara 7:26). Günäli tebigat atalar üsti bilen nesilden nesile geçdi (Rimlilere 5:12, 17, 19). Päkizeden dogulmak hadysasy bu geçirişigiň daşyndan aýlanyp geçdi we baky Hudaýyň kämil adam bolmagyna ýol açdy.

English



Türkmençe baş sahypa dolanmak

Päk gyzdan dogulmak näme üçin beýle wajyp?
Facebook icon Twitter icon Pinterest icon Email icon
© Copyright Got Questions Ministries