Ölümden soňra näme bolýar?


Sorag: Ölümden soňra näme bolýar?

Jogap:
Mesihilik ynanjynda ölümden soňra näme bolýandygy barada köp düşünişmezlik bardyr. Käbirleri ölümden soňra hemmeleriň hem her kim jennete ýa-da jähenneme iberiljek gününe çenli uklaýandygyny pikir edýär. Käbirleri bolsa adam ölen badyna höküm edilýändigi we öz mynasyp ýerine iberilýändigini pikir edýär. Ýene käbirleri bolsa adamlaryň ruhlary öleninden soňra wagtlaýynça jennete ýa-da jähenneme iberilýändigine we şol ýer-de direldilmegine garaşýandygyna ynanýar. Mukaddes kitap näme diýýär bu babat-da?

Ilki bilen, Isa Mesihe iman edenleriň ruhlarynyň günäleri bagyşlanandygy sebäpli jennete alyp gidilýändigini aýdýar Mukaddes Kitap (Ýohanna 3:16; 18, 36). Imanlylar üçin ölüm “bedenden aýrylmak we Reb bilen bile bolmakdyr” (2 Korintoslylar 5:6-8, Filipliler 1:23). 1 Korintoslylar 15-50-54 we 1 Salonikliler 4:13-17 bolsa imanlylary ölümden soňra direldiljek we şöhratlanan beden beriljek şekilde suratlandyrýar. Eger-de imanlylar ölüm yz ýany bilen Mesih bilen ýaşamaga dowam edýän bolsa onda bu direldilişiň manysy name? Imanlylaryň ruhlary derrew Mesih bilen bile bolmaga başlaýan we bedenleri mazarda uklamaga dowam edýän ýaly görünýär. Imanlylaryň direldilişinde olaryň fiziki bedeni direldiler, şöhratlandyrylar we ruh bilen birleşdiriler. Bu direldilen, birleşdirilen we şöhratlanan beden imanlylaryň bakyýetdäki bedeni bolar (Aýanlyk 21-22).

Ikinjiden, imansyzlar ebedi jeza duçar ediler. Imansyzlar hem imanlylar ykbaly ýaly wagtlaýynça direldilişe çenli garaşdyrylýan ýaly. Luka 16:22-23 baý adamyň ölümiň yz ýany bilen gynalýandygyny suratlandyrýar. Aýanlyk 20:11-15 ähli imansyz ölenleri direldilen, sud edilen we ataşly köle oklanan görnüşde beýän edýär. Imansyzlar o taý-da ölümiň edil yz ýany bilen iberilmedik dowzaha. Imansyzlar edil ölen badyna dowzaha iberilmese-de olaryň soňky ykbaly gowy däl. Baý adam “bu oduň içinde ejir çekýärin” diýip gygyrýar Luka 16:24-de.

Şeýlelik-de, ölümden soňra adam wagtlaýynça jennet-de ýa-da dowzah-da bolýar. Bu wagtlaýyn şalykdan soňra, direldiliş-de adamyň soňky ykbaly üýtgemez. Diňe olaryň mekany üýtgär. Imanlylar iň soňunda täze jennet we täze ýer beriler (Aýanlyk 21:1). Imansyzlar ahyry o:tly köle oklanar (Aýanlyk 20:11-15). Bu adamlaryň ahyrky we baky gitjek ýeridir we bu olaryň Isa Mesihe halasgär hökmünde ynanyp ynanmandygyna baglydyr (Matta 25:46; Ýohanna 3:36).



Türkmençe baş sahypa dolanmak



Ölümden soňra näme bolýar?