Nikadan ozal jynsy gatnaşyk etmek barada Mukaddes Kitap näme diýýär?


Sorag: Nikadan ozal jynsy gatnaşyk etmek barada Mukaddes Kitap näme diýýär?

Jogap:
Mukaddes kitapda gönüden-göni nikadan ozalky jynsy gatnaşygy aňladýan Grek ýa-da Ibrani söz ýok. Mukaddes kitap zynany we jynsy ahlaksyzlygy ýazgarýar emma nikadan ozalky jynsy gatnaşyk jynsy taýdan ahlaksyzlykmy? 1 Korintoslylar 7:2-ä görä jogap “hawa”: “Azgynlyga ýol bermezlik üçin, goý, her erkek öz aýaly, her aýal-da öz äri bilen ýaşasyn.” Bu aýatlar-da Pawlos nikany jynsy ahlaksyz üçin bejergi hökmünde görkezýär. 1 Korintoslylar 7:2 adamlar özlerine erk edip bilmän nikadan daşary jynsy gatnaşyk edýändigi üçin adamlar durmuş gurmaly diýýär. Şeýlelik-de olar özleriniň isleglerini ahlakly ýol bilen giderip bilerler.

1 Korintoslylar 7:2 binika jynsy gatnaşygy jynsy ahlaksyzlyk hökmünde görkezýändigi üçin jynsy ahlaksyzlygy ýazgarýan beýleki ähli aýatlar binika jynsy gatnaşygy hem günä hökmünde ýazgarýandyr. Binika jynsy gatnaşyk Mukaddes Kitabyň jynsy ahlaksyz kesgitlemesine degişlidir. Nikadan öňinçäki jynsy gatnaşygy günä diýip yglan edýän aýatlar gaty köpdür Mukaddes ýazgylar-da (Resullar 15:20; 1 Korintoslylar 5:1; 6:13, 18; 10:8; 2 Korintoslylar 12:21; Galatýalylar 5:!9; Efesliler 5:3; Kolosiýalylar 3:5; 1 Salonikliler 4:3, Ýahuda 7). Mukaddes Kitap nikadan öňinçä beýle zatlardan uzak durmagy ündeýär. Är-aýal arasyndaky jynsy gatnaşyk Hudaý tarapyndan tassyklanýan jynsy gatnaşygyň ýeke-täk görnüşidir (Ýewreýler 13:4).

Köplenjine jynsy gatnaşyga biz zerurlygy giderýän keýp hökmünde seredýäs emma munuň ýene bir tarapy bar: nesil öndürmek. Nikaly jynsy gatnaşyk lezzetlidir we Hudaý muny şeýle ýaradandyr. Hudaý erkekleriň we zenanlaryň jynsy iňjeňlikden nika astynda lezzet almagyny isleýär. Nagmalar we beýleki käbir Mukaddes Kitap aýatlary (Süleýmanyň pähimleri 5:19 meselem) jynsy gatnaşygyň keýpini beýan edýär ýöne jübütleriň düşünmeli zady nesil öndürmek Hudaýyň jynsy gatnaşykdaky niýetlerinden biridir. Şeýlelik-de binika gatnaşykda bolýan jübütler 2 etmişli: özleri üçin niýetlenilmedik keýpi başdan geçirýärler we maşgala bolmazdan çaga döretmek mümkinçiligini alýarlar, Hudaý her çaga üçin maşgalaly bolmagy niýetländir.

Durmuş-da bolup geçýän ýagdaý dogry we ýalňyşy kesgitleýän däldir emma Mukaddes Kitabyň jynsy gatnaşyk baradaky düzgünine eýerilen bolsady onda häzir has az ýokanç kesel bolardy, has az abort bolardy, has az toý etmedik eje we has az meýilleşdirilmedik göwrelilik bolardy we has az ejesiz ýa kakasyz çaga bolardy. Uzak durmak, saklanmak Hudaýyň nikadan ozalky jynsy gatnaşyk baradaky ýeke-täk düzgünidir, beýtmek köp ömri goraýar, zaýaçylygyň öňüni alýar we iň esasysy hem Hudaýy şöhratlandyrýar.



Türkmençe baş sahypa dolanmak



Nikadan ozal jynsy gatnaşyk etmek barada Mukaddes Kitap näme diýýär?