Men näme üçin janyma kast etmäýin?


Sorag: Men näme üçin janyma kast etmäýin?

Jogap:
Ünsimiz janyna kast etmek arkaly ömrüni soňlandyrjak bolýanlara gidýär. Eger siz şuwagt olardan biri bolsaňyz bu siz üçin umytsyzlyk we çäresizlik ýaly duýgylardan biri bolup biler. Siz çäresizlik-de ýaly duýýan bolmagyňyz mümkin we ýagdaýlaryň düzeljekdigine şüphe edýän bolmagyňyz mümkin. Hiç kim size düşünmeýän ýalydyr. Durmuş ýaşamaga degmeýän ýalydyr ýa-da degýämikä?

Eger-de Hudaý durmuşyňyz-da hakykatdanam Hudaýyňyz bolmagyna rugsat berseňiz ol özüniň nähili beýikdigini size subut eder “Çünki Hudaýyň ýanynda mümkin däl zat ýokdur” (Luka 1:37). Belkäm geçmişdäki yzalar ret etmek ýa-da taşlamak bilen netijelenendir. Bular sizi, durmuşyňyzdaky gatnaşyklarda problema döreden özüňize dözmezlige, gahara, umytsyzlyga, ar alma hyjuwyna we ýa-da ýerliksiz gorkulara elten bolup biler.

Näme üçin janyňyza dözmeli dälsiňiz? Dostum, ýagdaýlar her näçe erbet hem bolsa umytsyz ýoluňyzdan sizi alyp çykmaga öz aýdyňlygyna tarap size ýolbeletlik etmäge rugsat bermegiňize garaşýan söýgüli Hudaý bardyr. Ol siziň umydyňyzdyr, onuň ady Isadyr.

Hudaýyň ogly, päk Isa sizi bu ret etme we ýüzigara wagtyňyzda tanaýar. Işaýa pygamber ol hakynda hemmeler tarapyndan “äsgerilmedik we ret edilen” diýip aýdýar Işaýa 53:2-6-da. Onuň ömri yzadan we ýasdan doludy emma onuň ýasy özüniňki däldi, biziňkidi. Ol ýaralanypdy, dürtülipdi we ezilipdi biziň günälerimiz üçin. Onuň çeken ejirleri netijesinde durmuşymyz düzeldilip biliner.

Isa mesih bulary siziň günäleriňiz geçilmegi üçin başdan geçirdi. Günäňiz her näçe agyram bolsa ol sizi bagyşlar siz kabul etseňiz ony halasgäriňiz hökmünde. “Meni çagyr muşakat günde, seni halas ederin” (Zebur 49:15). Eden hiç bir zadyňyz hem Isa Mesihiň bagyşlamajak zady däldir. Onuň saýlan käbir hyzmatkärleri ganhorluk (Musa), ganhorluk we zyna (Dawut şa) we fiziki we duýgy babatynda zyýan bermek (Resul Pawlos) ýaly günäler edenlerdi emma olar şonda-da Reb arkaly geçirimlilik we täze durmuş edindiler. “Şoňa görä-de, kim Isa Mesihe degişli bolsa ol täze ýaradylyşdyr. Könesi geçip gitdi, indi täzesi geldi!” (2 Korintoslylar 5:17)

Näme üçin janyňyza kast etmekden saklanmalysyňyz? Gadyrdan, Hudaý zaýalanan we soňlandyrmak isleýän durmuşyňyzy bejermäge taýyndyr. Işaýa pygamber “Hökmürowan Rebbiň Ruhy üstümdedir. Garyplara hoş habary bildirmegim üçin, ol meni seçip saýlady; göwni synyklara şypa bermäge, zyndandakylary boşatmaga iberdi meni. Rebbiň merhemet ýylyny, Hudaýymyzyň öç aljak gününi yglan etmäge, ähli ýas tutýanlara göwünlik bermäge, Sionda ýas tutýanlaryň aladasyny etmäge; külüň deregine owadan başatgyjyny, ýasyň deregine şatlyk ýagyny, gamgyn ruhuň deregine alkyş donuny bermäge iberdi meni.” diýýär Işaýa 61:1-3-de.

Isa mesihe geliň, şatlygyňyzy diklesin siz oňa ynanmaga başlamagyňyz netijesinde. Ol siziň şatlygyňyzy diklemegi we ýitiren ruhyňyzy diklemegi wada berýär. Siziň ýaralanan kalbyňyz onuň üçin gymmatlydyr.

Rebbi halasgäriňiz we çopanyňyz hökmünde kabul edýäňizmi? Ol sizi öz sözi Mukaddes Kitap arkaly ugrukdyrar: “Men saňa öwüt bererin, ýöremeli ýoluňy salgy bererin...” (Zebur 32:8). “Ol seniň döwürleriň berk binýadydyr, bol danalyk hembilim bolar; ol yzygiderli halas eder. Rebden gorkmak halkynyň hazynasydyr.”(Işaýa 33:6) Ol dogandan ýakyn dostdur (Süleýmanyň pähimleri 18:24). Reb Isa mesihiň nepisligi siziň bilen bolsun karar berjek wagtyňyz.

Isa mesihi halasgäriňiz hökmünde hökmünde kabul etmek isleýän bolsaňyz ýürekden aýdyň şu sözleri Hudaýa: “Rebbim, durmuşymda sen gereksiň. Ähli etmişlerim üçin bagyşla meni. Men Isa Mesihe bil baglaýan we ol meniň halasgärimdigine ynanýan. Tämizle meni, sagalt meni we durmuşymyň manysyny dikle. Isa mesihiň meniň üçin ölendigi we maňa bolan söýgiň üiçn minnetdar saňa.”

Bu ýerde okanlaryň sebäpli Isa Mesihi öz halasgäriňiz hökmünde kabul etmek kararyna bardyňyzmy?? Eger şeýle bolsa, onda aşakdaky "Men şu gün Mesihi kabul etdim" düwmesine basyň.



Türkmençe baş sahypa dolanmak



Men näme üçin janyma kast etmäýin?