Öz janyňa kast etmegiň Mesihilikdäki ýagdaýy näme?


Sorag: Öz janyňa kast etmegiň Mesihilikdäki ýagdaýy näme? Mukaddes kitap bu barada näme diýýär?

Jogap:
Mukaddes kitap öz janyna kast eden 6 adamy belläp geçýär: Abymelek (Ysraýyl Serdarlary/Serdarlar 9:54), Şawul (1 Şawmuwel 31-4-6), Ahytopel (2 Şamuel 17:23), Zimri (1 Patyşalar 16:18) we Ýudas (Matta 27:5). Olardan 5-si erbet, günäkär adamlardy (Şawul hakda häsiýetnama bermäge ýeterlik maglumat ýok). Kimileri Şimşonyň ölümini hem öz janyna kast eden hasaplaýar (Serdarlar 16:26-31) emma onuň maksady Palestinalylary öldürmekdi, özüni öldürmek däl. Mukaddes kitap öz janyňa kast etmegi birini öldürmek, biriniň janyna kast etmek bilen deň görýär. Adam haçan we nähili ölmelidigine karar bermeli ýeke-täk barlyk Hudaýdyr.

Mukaddes Kitaba görä öz janyňa kast etmek adama jenneti gazandyrýan ýa-da gazanjakdygyny kesgitleýän zat däl.Eger-de halas edilmedik adam janyna kast etse ol özüniň jähenneme bolan syýahatyny tijendirer ýöne ol adam Mesih arkaly elýeter bolan gutulyşy iňkär edendigi üçin dowzah-da bolar, öz janyna kast edendigi üçin däl. Mukaddes Kitap özüne kast eden Mesihi barada näme diýýär? Mukaddes Kitap bize Mesihe iman eden badymyza ebedi durmuş bilen kepillendirilendigimizi aýdýar (Ýohanna 3:16). Mukaddes Kitaba görä Mesihiler ebedi durmuş eýesidigi barada kellesindäki ähli şüpheleri aýyryp bilerler (1 Ýohanna 5:13). Hiç bir zady Mesihini Hudaýyň söýgüsinden aýra salyp bilmez (Rimliler 8:38-39). Eger-de hiç bir ýaradylan zat bir mesihini Hudaýyň söýgüsinden aýra salyp bilmeýän bolsa we eger-de janyna kast eden Mesihi hem Ýaradylan zat bolsa diýmek hat-da öz janyňa kast etmek hem bizi Hudaýyň söýgüsinden aýra salyp bilmez. Isa Mesih biziň ähli günälerimiz üçin öldi we eger-de hakyky bir mesihi ruhy taýdan ejiz wagty öz janyna kast etse onda bu hem Mesihiň gany arkaly muzdy tölenen günelerden biri bolar.

Öz janyňa kast etmek Hudaýa garşy uly günädir. Mukaddes Kitaba görä öz janyňa kast etmek ganhorlykdyr we bu hemişe ýalňyşdyr. Mesihi bolubam öz janyna kast eden adamyň imanynyn sagdyndygyna şüphe edilmelidir. Kimdir biriniň, esasanam Mesihiniň, öz janyny almagyny aklap biljek ýagdaý ýokdur. Mesihiler Hudaý üçin ýaşamaga çagyrylandyr we haçan ölmelidigimiz baradaky karar diňe Hudaýyňkydyr. Öz janyňa kast etmek barada dä; hem bolsa 1 Korintoslylar 3:15 öz janyna kast eden mesihini gowy suratlandyrýar: “altyn-kümüşüň otda arassalanyşy ýaly saplanyp, halas bolar.”



Türkmençe baş sahypa dolanmak



Öz janyňa kast etmegiň Mesihilikdäki ýagdaýy näme?