settings icon
share icon
Sorag

Hudaýy kim ýaratdy? Hudaý nireden peýda boldy?

Jogap


Ateistleriň we skeptikleriň adaty argumentlerinden biri, eger ähli zadyň sebäbi bolmaly bolsa onda Hudaýyň hem sebäbi bolmaly. Jemleme hem şeýle: Eger Hudaýyň sebäbi bar bolsa, onda Hudaý, Hudaý däldir (we eger Hudaý, Hudaý däl bolsa onda elbetde Hudaý ýokdyr). Bu sorag aslynda, “Hudaýy kim emele getirdi?” soragynyň has çylşyrymlylaşdyrylan görnüşidir. Her kim, hiçlikden nämedir bir zadyň emele gelmeýändigini bilýär. Diýmek, eger Hudaý nämedir bir “zat” bolsa, diýmek Onuň hem sebäbi bolmaly, dogry dämi?

Bu sorag mekirjedir, sebäbi bu sorag, ogrynça, nädogry bir saýymy size siňdirýär: Hudaýyň niredendir bir ýerden emele gelendigi saýymy we onuň çeşmesiniň nire bolup biljekdigi saýymy. Bu soragyň jogaby şudyr: Sorag logiki däl. Bu sorag, şuňa meňzeşdir: “Gök reňkiň ysy nähili?” Gök reňki, ysly barlyklaryň kategoriýasynda däldir, diýmek soragyň özi ýalňyşdyr. Şol bir ýol bilen, Hudaý hem, ýaradylan ýa-da emele getirilen bir zat däldir. Hudaý, sebäpsizdir we ýaradylan däldir – Ol diňe bardyr.

Muny nähili bilýäris? Hiçlikden, hiçlik döreýär. Diýmek, haçandyr bir wagt hiç bir zat hem bolmadyk wagty bar bolsa, onda hiç bir wagt hiç bir zat bar bolmazdy. Emma daş-töweregimizde zatlar bar, olar barlygyny dowam etdirýär. Şeýlelikde, hiç bir zadyň bar bolmadyk wagty mümkin däldigi üçin, nämedir bir zat hemişe bar bolan bolmalydyr. Şol hemişe-bar-bolan zada biz Hudaý diýýäris. Hudaý, ähli zada sebäp bolan emma özi sebäpsiz bolandyr. Hudaý, älemi we içindäki ähli zady ýaradan ýaradylmadyk Ýaradyjydyr.

English



Türkmençe baş sahypa dolanmak

Hudaýy kim ýaratdy? Hudaý nireden peýda boldy?
Facebook icon Twitter icon Pinterest icon Email icon
© Copyright Got Questions Ministries