Humar oýnamak günämi? Humar oýnamak barada mukaddes kitap näme diýýär?


Sorag: Humar oýnamak günämi? Humar oýnamak barada mukaddes kitap näme diýýär?

Jogap:
Mukaddes kitap humar oýnamagy, lotoreýa oýnamagy ýa-da jedel bilen gazanmagy ýazgarmaýar. Mukaddes kitap ýöne bizi pula bolan söýgüden uzak durmak-da duýdurýar (1 Timoeteos 6:10; Ýewreýler 13:5). Ýazgylar bize çalt baýamak hyjuwyndan hem uzak durmak meselesinde duýduryş berýär (Süleýmanyň pähimleri 13:11; 23:5; Wagyz 5:10). Humar oýnamak pula bolan söýgüdir we adamlar üçin çalt we aňsatlyk bilen baýamaga barýan bir ýoldur.

Humar oýnamak-da näme ýalňyşlyk bar? Humar oýnamak kyn meseledir sebäbi gurnamaçylykly we käte ýerine ýetirilse onda bu puly yrýa harjakamdyr emma erbet zat däldir. Adamlar güýmenjäniň ähli görnüşinde puly isrip edýär. Humar oýnamak puly sinema-da kino görüp yrýa harjamakdan tapawutsyzdyr (köplenjine), zerur bolmadyk gymmat nahary iýmekdenem ýa-da zerur däl, degmeýän zady satyn almakdanam tapawutsyzdyr. Ýöne şol bir wagt-da pullar beýle zatlara yrýa harjanmagy humar oýnamagy aklanok hem. Pul zaýalanmaly däldir. Artykmaç pul geljek-de ýüze çykyp biljek zerurlyklara saklanmalydyr ýa-da Rebbiň ýoluna harjanmalydyr, humar oýnalmaly däldir.

Mukaddes kitap humar hakda aýdyp geçmese-de şowlulyk we ähtimallyk barada aýdyp geçýär. Mysal üçin, bije çekmek Lewililer-de ulanylan, Ýeşuwa taýpalara toprak paýlamak üçin bije çeken. Nehemýa Ierusalim diwarlary içinde kim ýaşamalydygyny kesgitlemek üçin bije atdy. Resullar hem Iudasyň ýerine kimiň geljekdigini bije esasynda kesgitledi. Süleýmanyň pähimleri 16:33 şeýle diýýär: “Bije etege atylýar, ýöne höküm Rebdendir.”

Mukaddes kitap kazino we lotoreýa barada näme diýer? Kazinolar, müşderileri has köp puly töwekgelçilik astynda goýmagy üçin marketingiň ähli görnüşini ulanýarlar. Olar serhoş edip biljek we netijesinde akylly karar bermegiňiz öňüni alyp biljek biçak gymmat ýa-da mugt alkogol içgilerini hem hödürleýärler. Kazinolar uly mukdar-da pulyňyzy almak üçin elinden gelen zady edýärler we garşylynda boş lezzetlerden başga hiç zat bermeýärler. Lotoreýalar özüni bilim ýa-da beýleki sosial meselelere hemaýatkär ýaly görkezýär. Gözlegler lotoreýa oýnaýanlaryň lotoreýa üçin pul harjamaga iň az mümkinçiligi bolan adamlardygyny görkezýär. Kyn ýagdaýdaky adamlar üçin çalt baýamaga mümkinçilik garşy goýulyp bilinmejek özüne çekijilikdir. Utmaga bolazn mümkinçilik ýok diýen ýaly az we munuň netijesi köp adamyň durmuşynyň zaýalanmagy bolýar.

Lotoreýa Hudaýy hoşal edip bilermi? Köp adamlar lotoreýany kilisä pul berip bilmek ýa-da başga gowy işlere sebäp bolmak üçin oýnaýandygyny aýdýarlar. Bu gowy motiwasiýa hem bolsa muny edýän adam gaty azdyr. Gözlegleriň netijesine görä lotoreýa utanlaryň köpüsi birnäçe ýyl soňra lotoreýa utmazyndan öňki halyndan hem erbet ýagdaýda bolýar. Hudaý ýerdäki missiýalaryna pul üpjün etmek üçin biziň pulumyza zerur däl. Süleýmanyň pähimleri 13:11: “Duýdansyz gelen baýlyk barha azalar, eli bilen çöpleýän köp gazanar” diýýär. Hudaý garaşsyzdyr we kilisesine özi üpjün eder. Bank talanyp getirilen pul ýa-da neşeden gelen pul bilen Hudaý hoşal bolarmy? Hudaý baýlar üçin garyplardan ogurlanan pula zeruram däl, islänogam.

1 Timoti 6:10 bize “sebäbi pul höwesi ähli belalaryň körügidir. Käbir adamlar onuň yşkyna düşüp, imandan azaşdylar, özlerini köp görgülere sezewar etdiler.” diýýär. Ýewreýler 13:5: “puluň yşkyna düşmäň. Eliňizdäki baryna kanagat ediň. Sebäbi hudaý “men sizi hiç wagt ýeke taşlamaryn, terk etmerin” diýdi” diýýär. Matta 6:24 “Hiç kim iki hojaýyna hyzmat edip bilmez. Ol ýa birini ýigrenip, beýlekisini söýer, ýa-da birine wepaly bolup, beýlekisini äsgermezlik eder. Siz hem Hudaýa, hem baýlyga hyzmat edip bilmersiňiz.” diýýär.



Türkmençe baş sahypa dolanmak



Humar oýnamak günämi? Humar oýnamak barada mukaddes kitap näme diýýär?