settings icon
share icon
Sorag

Mukaddes Kitap gomoseksuallyk barada näme diýýär? Gomoseksuallyk günämi?

Jogap


Mukaddes Kitap bize yzygiderli we durnukly ýagdaý-da gomoseksuallygyň gnädigini aýdýar (Gelip Çykyş 19:1-3; Lewililer 18:22; Rimliler 1:26-27; 1 Korintoslylar 6:9). Rimliler 1:26-27 açyk şekilde aýdýar bize gomoseksuallyk Hudaýy iňkär etmegiň we oňa boýun egmezligiň netijesidigini. Haçan-da adamlar günä we imansyzlyga dowam eden-de Hudaý olary “özleriniň wejera höweslerine tabşyrýar” Hudaýdan özge durmuşyň nähili umytsyz, wejera durmuşdygyny görkezmek üçin. 1 Korintoslylar 6:9 gomoseksuallyga ýykgynlyk edýänler Hudaýyň şalygyny miras almajakdygyny aýdýar.

Hudaý ynsany gomoseksual isleg bilen döretmeýär. Mukaddes Kitap bize adamlaryň günä netijesinde (Rimliler 1:24-27) we olaryň özleriniň saýlawy sebäpli gomoseksual bolýandygyny aýdýar. Adam gomoseksuallyga tarap has beýik duýgurlyk bilen doglan bolup biler edil käbir adamlar zalymlyga ýykgynlyk bilen dogluşy ýaly. Bu adamy günälerine dowam etmäge saýlamagynda aklamaýar. Adam gahara duýgur dogulan bolsa bu onuň beýle ýola düşmegini aklaýarmy? Elbet-de ýok. Gomoseksuallyk hem edil şeýle.

Mukaddes Kitap gomoseksuallygy beýleki günälerden “has uly” günä hökmünde hem görkezmeýär. Ähli Günäler Hudaýa garşy ynjydyjydyr. Gomoseksuallyk 1 Korintoslylar 6:9-10-daky adamy Hudaýdan aýra saljak zatlardan biridir. Mukaddes Kitaba görä Hudaýyň geçirimliligi edil onuň zynahorlara, butparazlara, ganhorlara garşy geçirimliligi ýalydyr. Hudaý gutulyş üçin Isa Mesihe iman edenleriň ählisine günä garşy ýeňişi wada berýär (1 Korintoslylar 6:11; 2 Korintoslylar 5:17; Filipliler 4:13), gomoseksuallyk hem şol günälerin içindedir.

English



Türkmençe baş sahypa dolanmak

Mukaddes Kitap gomoseksuallyk barada näme diýýär? Gomoseksuallyk günämi?
Facebook icon Twitter icon Pinterest icon Email icon
© Copyright Got Questions Ministries