Men nädip Mukaddes Ruh bilen doldurlyp bilerin?


Sorag: Men nädip Mukaddes Ruh bilen doldurlyp bilerin?

Jogap:
Mukaddes Ruh bilen doldurylmakda wajyp parça Ýahýa 14:16-dyr, bu aýatlarda Isa imanlylar bilen hemişe bile boljak Ruhy wada berdi. Ruhyň sizde ýaşamagy bilen Ruh bilen doldurylmagy aýyrt etmek wajypdyr. Mukaddes Ruhuň sizde hemişelik ýaşamagy käbir saýlantgylar üçin däldir, ähli imanlylar üçindir. Bu jemlemäni goldaýan birnäçe referans bardyr Mukaddes Ýazgylarda. Ilki bilen, Mukaddes Ruh, hiç bir daştutma bolmazdan ähli imanlylara berilen peşgeşdir we Mesihe iman etmekden (Ýahýa 7:37-39) daşary hiç bir şerti ýokdyr munuň. Ikinjisi, Mukaddes Ruh gutulyş pursadynda berilýär (Efes 1:13). Galatýalylara 3:2 hem bu hakykaty nygtaýar möhürlemäniň we içiňizde bolmagyň iman etme pursadynda amala aşýandygyny aýtmak bilen. Üçünjisi, Mukaddes Ruh imanlylaryň içinde baky ýaşar. Mukaddes Ruh iman edenlere töleg ýa-da geljekde Mesih bilen şöhratlandyryljakdygyna tassyknama hökmünde berilýär (2 Kor 1:22; Efes 4:30).

Bu aýatlar Efes 5:18-de aýdylan Ruh bilen doldurylmak hadysasyna tersdir. Biz Mukaddes Ruha şeýle bir berilmelidiris welin Ol bize dolulygyna eýe bolup bilmelidir we bizi dolduryp bilmelidir. Rim 8:9 we Efes 1:13-14 aýatlary Mukaddes Ruhuň her bir imanlyda baky ýaşaýandygyny aýdýar emma ol gamlanyp biler (Efes 4:30) we onuň içimizdäki aktiwligi söndürlip biliner (1 Sel 5:19). Bular bolup geçende biz Mukaddes Ruhuň işleriniň bütinligini we içimizdäki güýjüni başdan geçirmeýäris. Ruh bilen doldurylmak diýmek Onuň durmuşymyzyň ähli parçalaryny doldurmak, gollamak we kontrol etmek erkinligi diýmek. Ondan soňra onuň güýji biziň üstümiz bilen ýerine ýetirilip biliner biziň Hudaý üçin peýdaly bolmagymyz üçin. Ruhuň bizi doldurmagy diňe bir daşarky hereketlerimize täsir etmeýär; iň bir içgin pikirlerimiz we niýetlerimize hem täsir edýär. Zebur 19:15 şeýle diýýär: “Agzymyň sözleri, ýüregimiň oý-pikirleri goý, Seniň huzuryňda kabul edilsin,ýa Reb, meniň Gaýam hem Halasgärim.”

Mukaddes Ruhuň içiňizi doldurmagynyň öňüni alýan zat günädir we Hudaýa boýun bolmak Ruhuň sizde ýaşamagyny dowam etdirýän zatdyr. Efes 5:18 Ruh bilen doldurylmagymyzy buýurýar; emma Ruh bilen doldurylmak üçin dileg etmek däldir bu doldurylmany gazandyrýan zat. Diňe Hudaýyň buýruklaryna eýermek Mukaddes Ruha biziň bilen hereket etme erkinligine rugsat berýär. Günä bize ýokuşandygy üçin, her wagt Ruh bilen doldurylan bolmak mümkin däldir. Günä eden badymyza Hudaýa toba etmelidiris Ruh bilen doldurylmagy dowam etdirmek we Ruha eýermek üçin.

English
Türkmençe baş sahypa dolanmak
Men nädip Mukaddes Ruh bilen doldurlyp bilerin?