Isa Mesihiň direlişi çynmy?


Sorag: Isa Mesihiň direlişi çynmy?

Jogap:
Mukaddes ýazgylar, Isa Mesihiň direlendigi barada jemleýji deliler hödürleýär. Mesihiň direlişi şu bölümlerde ýazga alnandyr: Matta 28:1-20; Mark 16:1-20; Luka 24:1-53; we Ýahýa 20:1-21:25. Ölümden direlen Mesih, Resullaryň işleri kitabynda hem bellenilip geçilýär (Res 1:1-11). Bu parçalar üsti bilen, Mesihiň direlendigi barada birnäçe “subutnama” elde edip bilersiňiz. Ilkinjisi, şägirtleriniň durmuşyndaky dramatiki özgerişik. Ol Şägirtler, gorky bilen gizlenýän adamlarka, hoş habary tutuş dünýä ýaýmaga urunýan batyr we ýürekli şaýatlara öwrüldi. Bu wajyp özgerişigi ölümden direlen Mesihiň olar bilen duşuşmagyndan başga näme düşündirip biler?

Ikinjisi, Resul Pawlosyň durmuşydyr. Näme zat ony, ygtykady kowalaýjydan ygtykadyň ilçisine öwren bolup biler? Damaska barýarka oňa görnen(Res 9:1-6), ölümden direlen Mesihdir bu özgerişigiň sebäbi. Ynandyryjy üçünji subutnama bolsa mazaryň boş tapylmagydyr. Isa ölümden direlmedik bolsa, onun jesedi nirede? Şägirtler we beýleki adamlar, Isanyň gömlen mazaryny gördi. Dolanyp gelenlerinde bolsa jeset o ýerde däldi. Perişdeler, onuň söz berşi ýaly göge beýgelendigini jar etdi (Matta 28:5-7). Dördünjisi, onuň direlişiniň goşmaça bir delili, onuň köp adam bilen duşuşmagydyr (Matta 28:5, 9, 16-17; Mark 16:9; Luka 24:13-35; Ýahýa 20:19, 24, 26-29, 21:1-14; Res 1:6-8; 1 Kor 15:5-7).

Isanyň direlendiginiň beýleki bir subutnamasy bolsa, Isanyň resullarynyň, onuň direlişine beren ähmiýetidir. Isanyň direlişi baradaky aýgytlaýjy bir parça 1 Korintoslylar 15-dir. Bu bapda Resul Pawlos, Mesihiň direlişine düşünmek we ynanmagyň ähmiýetini gürrüň berýär. Direliş şu sebäpler üçin möhümdir: 1) Mesih direlmedik bolsa, imanlylar hem direlmez (1 Korintoslylar 15:12-15). 2) Isa ölümden direlmedik bolsa, onuň günä üçin tölän muzdy ýeterli däldir (1 Korintoslylar 15:16-19). Isanyň direlmegi, onuň günälerimiz üçin eden töleginiň Hudaý tarapyndan kabul edilendigini subut etdi. Eger ol ýöne ölen bolsa we öli galmaga dowam etsedi onda onuň özüni pida etmeginiň ýetersizdigini görkezerdi. Munuň netijesinde, imanlylar öz günäleri üçin bagyşlanmazdy we ölüminden soňra öli ýagdaýa dowam ederdi (1 Korintoslylar 15:16-19). Baky ýaşaýyş ýaly zat bolmazdy (Ýahýa 3:16). “Emma indi Mesih ölümden direldildi, ukydakylaryň ilkinji miwesidir bu” (1 Korintoslylar 15:20).

Iň soňkusy, Mukaddes Ýazgylar, Mesihe iman edenleriň ählisiniň hem baky ýaşaýyşa direldiljekdigini ykrar edýär, edil Isa Mesihiň direldilişi ýaly (1 Korintoslylar 15:20-23). 1 Korintoslylar 15 baby, Isanyň direlmeginiň, onuň, günäden nähili üstün çykandygyny we günäden üstün ýaşamagymyzyň güýjüni beýan edýär (1 Korintoslylar 15:23-34). Bu bap, kabul etjek direlen bedenimiziň şöhratly dogasyny suratlandyrýar (1 Korintoslylar 15:35-49). Bu bap, Mesihiň direlişine iman edenleriň ählisiniň günäden üstün ýeňişe eýe boljakdygyny jar edýär (1 Korintoslylar 15:50-58).

Mesihiň direlişi nähili şanly hakykatdyr! (1 Korintoslylar 15:58) Mukaddes Kitaba görä, Isa Mesihiň direlendigi iňňän hakykatdyr. Mukaddes Kitap Mesihiň direlendigini belläp geçýär, onuň 400-den agdyk adam bilen duşuşandygyny belläp geçýär we Mesihiň taglymatyny Mesihiň direlişiniň taryhylygy üstüne binýat edýär.

English
Türkmençe baş sahypa dolanmak
Isa Mesihiň direlişi çynmy?