Mesihilik nämedir we mesihiler nämä ynanýar?


Sorag: Mesihilik nämedir we mesihiler nämä ynanýar?

Jogap:
1 Korintoslylar 15:1-4-de şeýle diýilýar: “Indi bolsa eý doganlar, size wagyz eden Hoş Habarymy ýatladyp geçmekçi. Siz ony kabul edip, onda berk dursyňyz. Size wagyz eden Hoş Habarymy gaýym tutsaňyz, ol arkaly halas bolarsyňyz. Tutmasaňyz, biderek ýere iman etdigiňiz bolar. Çünki men kabul edenimi örän wajyp habar hökmünde size gowşurdym. Bu habar, ine şundan ybarat: Mukaddes ýazgylara görä, Mesih biziň günälerimiz üçin öldi. Ol jaýlanyp mukaddes ýazgylara görä hem üçülenji gün diýlende direldi.”

Gysgaça aýdylanda bu Mesihiligiň düýp ynanjy. Beýleki dinlerden aýratynlykda Mesihilik dini ybadatlardan has köp Hudaý bilen gatnaşyk barada. Hökmany edilmeli işlere we gadaganlyklara derek Mesihiligiň asyl maksady Ata Hudaý bilen ýakyn gatnaşygy ýola goýmak. Bu gatnaşyk Isa Mesihiň amallary we Mesihiniň durmuşyndaky Mukaddes Ruhuň işi bilen elýeter edildi.

Mesihiler “Mukaddes kitabyň” Hudaý tarapyndan ylhamlandyrylan Hudaýyň ýalňyşsyz sözüdigine we munuň pelsepesi iň ýokary orna eýedigine ynanýarlar (2 Timoteos 3:16; 2 Petrus 1:20-21). Mesihiler 3 aýry şahsyýetde, Ata, ogul we Mukaddes Ruh, bar bolan bir Hudaýa ynanýarlar.

Mesihiler adamzadyň Hudaý bilen gatnaşyk etmek üçin döredilendigine we günäniň adamzady Hudaýdan aýyrandygyna ynanýar (Rimlilere hat 3:26; 5:12). Mesihilik Isa mesihiň ýer ýüzünde dolulygyna Hudaý hökmünde hem, adam hökmünde hem ýaşandygyny (Filipliler 2:6-11) we haç-da ölendigni öwredýär. Mesihiler Isa mesih haç-da ölenden we gömülenden soňra direlendigine we şuwagt ol Ata Hudaýyň sag egninde imanlylar bilen hemişelik araçyllyk edip oturandygyna ynanýar (Ýewreýler 7:25). Mesihilik Isa Mesihiň haçdaky ölümi ähli adamzadyň bergider bolan günä muzdyny tölemäge ýeterlikdigini we bu ölüm Hudaý bilen adamyň ýiten gatnaşygyny diklemäge ýeterlikdigini ykrar edýär (Ýewreýlere 9:11-14, 10:10; Rimlilere 5:8, 6:23).

Halas edilmek üçin kimdir biriniň etmeli ba:r zady Isa Mesihiň haçda tamamlanan zähmetine iman etmek. Eger-de kimdir biri Mesih özüne derek haç-da ölendigine, günäniň muzdyny töländigine we gaýtadan direlendigine ynansa ol adam halas edilendir. Halas bolmak üçin hiçkimiň edip biljek nämedir birzady ýokdyr. Hiç kim hem “Hudaýy kanagatlandyryp biljek derejede gowy” däldir sebäbi biziň ählimiz günäkärdiris (Işaýa 53:6, 64:6-7). Ikinjidenem, eder ýaly hiç zat ýok sebäbi Isa Mesih edilmeli ähli zady etdi! Haçdaka Isa Mesih “Hemmesi berjaý boldy” (Ýohanna 19:30) diýdi.

Halas bolmak üçin hiç bir zat edilip bilinmejekdigi ýaly, kimdir biri Mesihiň haçdaky işine iman edenden soňra imanyny ýitirmek üçin hem edip biljek zady ýokdur sebäbi ähli zat Mesih tarapyndan berjaý edildi! Iman hakyndaky hiç bir zat halas edilene bagly däldir. Ýohanna 10:27-29 şeýle diýýär: “Meniň goýunlarym sesime gulak asýarlar, men hem olary tanaýaryn, olar meniň yzyma düşýärler. Men olara baky ýaşaýyş berýärin.Olar asla heläk bolmaz, hiç kim olary Meniň elimden kakyp almaz. Olary maňa beren Atam hemmeden beýikdir. Atamyň elinden olary hiçkim alyp bilmez.

Käbirleri “Gowudyny-halas edildimmi isleýşim ýaly bolup bilerin, nämede bolsa imanymy ýitirmerin” diýmegi mümkin emma gutulyş kimdir biri isleýşiçe bolmagy üçin däldir. Gutulyş ozalky günäli tebigatymyza hyzmat etmekden azat bolmak we Hudaý bilen gatnaşygy ýola goýmak üçin erkin bolmak üçindir. Birwagtlar günäniň guly bolan bolsak indi biz Mesihiň gullary (Rimlilere 6:15-22). Imanlylar bu dünýä-de öz günäli bedeninde ýaşamaga dowam etdigiçe günäden azat bolmak üçin göreş dowam eder. Oňa derek Mesihiler günä garşy ýeňişi Hudaýyň sözi bolan Mukaddes kitaby öwrenmek we ony durmuşynda ýola goýmak bilen we Mukaddes Ruh tarapyndan dolandyrylyp onuň täsirine boýun bolmak bilen we gündelik ýagdaýlarda onuň ýol görkezmegi bilen, Hudaýyň sözüne boýun bolmak bilen elde edip bilerler.

Köp dini sistemalar adamyň birzatlary etmegini we birzatlary etmezligini talap edýän bolsa Mesihilik haç-da ölen we direlen Mesihe ynanmakdyr.Siziň günäňiziň muzdy tölenendir we siz Hudaý bilen dostlaşyp bilersiňiz. Siz günäli tebigatyňyza garşy ýeňiş elde edip bilersiňiz we Hudaýa eýermek we Hudaý bilen dostluk bilen ýaşap bilersiňiz. Ine bu Mukaddes kitaba görä bolan hakyky Mesihilikdir.



Türkmençe baş sahypa dolanmak



Mesihilik nämedir we mesihiler nämä ynanýar?