Kabylyň aýaly kimdi? Kabylyň aýaly öz uýasymydy?


Sorag: Kabylyň aýaly kimdi? Kabylyň aýaly öz uýasymydy?

Jogap:
Mukaddes Kitap Kabylyň aýaly kimdigini aýtmaýar. Mümkin bolan ýeke-täk onuň uýasy ýa-da onuň ýegeni we ş.m. Mukaddes Kitap Kabyl Habyly öldüren-de näçe ýaşyndadygyny aýtmaýar. Ikisi hem daýhan bolandygyny nazar-da tutsak olar ýetişen, ulalan, maşgalalay adamlar bolandyr ol wagta. Habyl öldürilen wagty Adam ata we How ene köp çagalary dünýä getiren bolsa gerek. Olaryň olardan soňra has köp çagalary bolandygy anyk (Gelip çykyş 4:14) we bu olaryň şol wagt-da başga çagalary we belkäm agtyklary hem bolandygyny görkezýär. Kabylyň aýaly Adam ata we How enäniň gyzy ýa-da agtygydy.

Adam ata we How ene ilkinji ynsanlardygy sebäpli olaryň çagalary öz aralarynda durmuş gurmakdan başga çäreleri ýokdy. Hudaý maşgala-içi durmuş gurmagy başga adamlar bilen durmuş gurmaga ýeterlik adam köpelýänçä gadagan etmedi (Lewililer 18:6-18). Bu günler maşgala-içi jynsy gatnaşyk (insest) genetiki näsazlyklar bilen netijelenmeginiň sebäbi olaryň genden geçýän aýratynlyklarynyň agdyklyk etmegidir. Adamlar uzak, ýat maşgalalardan çaga edinen-de her iki maşgalanyň hem şol bir genetiki mirasy göterýän bolmagy diýseň az ähtimallykdyr. Adamyň genetiki kody asyrlar dowamynda nesilden nesile genetiki näsazlyklar geçmegi netijesinde gaty artdy. Adam ata we How enäniň beýle genetiki näsazlyklary ýokdy we bu olaryň ilkinji birnäçe nesili özarasynda saglykly çaga dünýä indermegine mümkinçilik beripdi. Adam ata we How enäniň gaty gitse gaty az genetik näsazlygy bolandyr we netije-de olar maşgala-içi durmuş gurmagy howpsuzdy.



Türkmençe baş sahypa dolanmak



Kabylyň aýaly kimdi? Kabylyň aýaly öz uýasymydy?