Ölümi we direlişi arasyndaky 3 gije-gündiz-de Isa Mesih nirededi?


Sorag: Ölümi we direlişi arasyndaky 3 gije-gündiz-de Isa Mesih nirededi?

Jogap:
1 Petrus 3:18-19 şeýle diýýär: “Isa Mesih hem bizi Hudaýa getirmek üçin biziň günälerimiz sebäpli bir gezek öldi. ÖZI dogry bolsa-da, günäärler üçin öldi. Ynsan ýaly ölse-de Hudaýyň ruhy arkaly Ol direldildi. Ol tussagdaky ruhlara baryp, wagyz etdi.” Bu ýerdäki Ruh sözi mesihiň Ruhyna degişli. Üýtgeşiklik bolsa onuň bedeni we ruhy barada, Mesihiň bedeni we Mukaddes Ruh barada däl. Onuň bedeni öldi emma Ruhy diri bolup galdy.

1 Petrus 3:18-22 Mesihiň ejir çekmesi (18-nji aýat) we onuň şöhratlandyrylmasy (22-nji aýat) arasynda bag gurýar. Diňe Petrus habar berýär bu 2 waka arasynda bolan zatlar barada. Mukaddes Kitabyň iňlisçe terjimesiniň King James Version görnüşi Isa Mesih tussaglykdaky ruhlara wagyz edendigni aýdýar (19-njy aýat). Bir belläp geçmeli zadymyz, Grek dilinden “wagyz etdi” diýip terjime edilen söz Täze äht kitabynda Hoş Habary wagyz etmek diýmek üçin ulanylan adaty söz däl. Bu “habar ýetirmek” diýmegi aňladýar. Mukaddes kitabyň iňlisçe terjimesiniň NIV wersiýasy muny “jar etdi” diýip terjime edýär. Isa Mesih haç-da ejir çekdi we öldi, onuň bedeni öldürildi. Onuň ruhy diri galdy we atasyna tabşyryldy (Luka 23:46). Petrusa görä, ölümi we direlişi arasynda bir wagt-da Isa mesih tussaglykdaky ruhlara jar çekdi.

Mukaddes Kitabyň hiç bir ýerin-de Isa Mesih dowzaha barandygy barada hasap ýok. Resullar 2:31-e görä Isa mesih ölüler diýaryna gitdi, ölüler diýary dowzah däldir. Ölüler diýary – bu, ölüleriň direldilmäge garaşýan wagtlaýyn mekanydyr. Aýanlyk 20:11-15 ölüm we ýanyp duran köl ikisi arasyndaky tapawudy aýdyň beýan edýär. Ýanýan köl hökümden soňraky ebedi, baky, hemişelik mesgenidir imansyzlaryň. Ölüler diýary bolsa wagtlaýyn garaşylýan ýerdir.

Rebbimiz Isa Mesih ruhuny Atasyna tabşyrdy, fiziki taýdan öldi we jennete girdi (Luka 23:43). Ölümi we direlişi arasynda bir wagt-da ol tussaglykdaky ruhlara habar ýetiren ýerine hem baryp geldi (megerem mertebesini saklamadyk ruhlar bolsa gerek. Ýahuda 1:6-a serediň). Bu ruhlar Nuh eýýamyndaky silden öňinçäki wagta degişidir (1 Petrus 3:20). Isa Mesihiň tussaglykdaky Ruhlara näme jar edendigini aýtmandyr Petrus emma onuň jar eden zady üzňelik habary bolan bolmagy mümkin ruhlar halas edilip bilinmeýändigi sebäpli (Ýewreýler 2:16). Megerem bu şeýtan we ýaranlaryna garşy gazanylan ýeňişiň jarnamasydy (1 Petrus 3:22; Kolosiýalylar 2:15). Efesliler 4:8-10 hemIsa mesihiň ölümi we direlişi arasyndaky işlerinden habar berýän ýaly. Zebur 67:19-y sitata etmek bilen Pawlos Mesih barada şeýle diýýär: “Ol ýokary belentlige çykanda, ýesirleri Özi bilen äkitdil.” Bu ýer-de aýdyljak bolunýan zat jennet-de Isa mesih üzňe bolanlaryň ählisiini jemläp olary özleriniň jennetdäki baky ornuna elten ýaly.

Bularyň ählisi Mukaddes Kitabyň Isa Mesih ol 3 gün-de näme edendigi barada belli bir zat aýtmaýandygyny görkezmek üçin. Bar bolan maglumatlardan ýola çykyp biz onuň üzňe keramatlylary toplandygyny we olary özleriniň ebedi öýüne eltendigini, tussaglykdaky mertebesini ýitiren ruhlara öz ýeňşini jar edendigini aýdyp bileris. Anyk aýdyp biljek zadymyz Isa mesih ol 3 gün-de hiç kime gutulyş üçin 2-nji bir mümkinçiligi berenokdy: biz ölemizden soňra höküm edilýäs (Ýewreýler 9:27), 2-nji bir mümkinçilik ýok. Ol jähennem-de ejir çekenokdy, onuň wezipesi haç-da tamamlanypdy (Ýohanna 19:30).



Türkmençe baş sahypa dolanmak



Ölümi we direlişi arasyndaky 3 gije-gündiz-de Isa Mesih nirededi?