Mesihiň Taňrylygy Mukaddes Kitaplaýynmy/Mukaddes Kitaba esaslananmy?


Sorag: Mesihiň Taňrylygy Mukaddes Kitaplaýynmy/Mukaddes Kitaba esaslananmy?

Jogap:
Isa mesihiň özi hakdaky ykrarlaryndan daşary; onuň şägirtleri hem Mesihiň Hudaýlygyny beýan edýär. Olar diňe bir Hudaýyň edip biljek zady bolan günä geçmek hakda Isanyň haky bardygyny aýdýarlar (Resullar 5:31; Kolosiýalylar 3:13; Zebur 129:4; Ýermeýa 31:34). Mundanam daşary, Isa mesih “dirilere we ölülere kazylyk etjek biridigini” (2 Timoteos 4:1) aýdan. Tomas Isa Mesihe “Sen meniň Rebbimsiň, meniň Hudaýymsyň” (Ýohanna 20:28) diýen. Pawlos Isa mesihi “beýik Hudaý we Halasgär” (Titus 2:13) diýip suratlandyran we onuň ynsan bolmagyndan ozal Hudaýlyk tebigatynda bolandygyny aýdýar (Filipliler 2:5-8). Ata Hudaý Isa Mesih barada “Eý, Hudaý, seniň şalygyň dowam eder baky ebedi” (Ýewreýler 1:8) diýýär. Ýohanna “Ozal başda Söz bardy, Söz Hudaý bilen biledi we Söz Hudaýdy” (Ýohanna 1:1) diýýär Isa Mesih barada. Mesihiň Hudaýdygyny ündeýän ýazgylar gaty köpdür (seret: Aýanlyk 1:17; 2:8; 22:13; 1 Korintoslylar 10:4; 1 Petrus 2:6-8; 1 Petrus 5:4; Ýewreýler 13:20) emma ýekeje biri hem ýetikdir Mesih şägirtleri tarapyndan Hudaý hasaplanandygyna.

Isa Mesihe, köne ähtde diňe bir Ýahwehe (Hudaýyň formal ady) berilen titullar hem berilendir. Isa Mesih “Hudaý biz bilen” diýlip atlandyrylandyr Matta 1-de. Zakarýa 12:10-da Ýahweh şeýle diýýär: “Olar özleriniň deşim-deşim edenine, ýagny Maňa serederler” diýýär, diýmek Isa Mesih Ýahwehdir. Filipliler 2:10-11-de Resul Pawlos Işaýa 54:22-23-i Isa Mesihe degişli edip teswirleýär. Mundanam daşary, Isa Mesihiň ady Ata Hudaý bilen bilelikde dileg-de ulanylan Galatýalylar 1:3 we Efesliler 1:2-de: “Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemet, parahatlygy, goý size ýar bolsun!” Eger-de Isa Mesih ylahy däl bolsa-dy onda bu küpür bolardy. Isa Mesihiň ady Isa Mesihiň çümdürijilik baradaky sözlerinde Hudaýyň ady bilen bile görünýär: “Ata, Ogul we Mukaddes ruhuň ady bilen” (Matta 28:19; 2 Korintoslylar 13:14-e hem seret).

Diňe Hudaý tarapyndan ýerine ýetirilip bilinjek zatlar Isa mesihe hem degişli edilip görkezilen. Isa mesih diňe bir ölini direltmedi (Ýohanna 5:21, 11:38:44) ýa-da diňe günäleri bagyşlamady (Resullar 5:31, 13:38), ol älemi hem ýaratdy (Ýohanna 1:2; Kolosiýalylar 1:16-17). Bu haçan-da Ýahweh ýaradylyş esnasynda ýekedigini aýdandygy (Işaýa 44:24) barada kelle döwende hasam aýdyň bolýar. Mundanam daşary, Isa Mesih diňe Hudaýa mahsus zatlara eýeçilik edýär: ebedilik (Ýohanna 8:58), ähli ýer-de bar bolmak (Matta 18:20, 28:20) ähli zady bilmek (Matta 16:21) we ähli zada kadyr bolmak (Ýohanna 11:38-44).

Hudaýdygyňy yglan etmek ýa-da kimdir birini Hudaýlygyň çyndygyna ynandyrmak başga zat WE Hudaýdygyňy subut etmek düýbünden başga zat.Isa Mesih Hudaýdygyna subutnama hökmünde birnäçe gudrat görkezdi. Onuň gudratlaryndan käbiri: suwy şeraba öwürmek (Ýohanna 2:7), suwda ýöremek (Matta 14:25), fiziki obýektleri köpeltmek (Ýohanna 6:11), köri bejermek (Ýohanna 9:7), agsagy sagaltmak (Mark 2:3) we ölüni direltmek (Ýohanna 11:43-44; Luka 7:11-15l Mark 5:35). Bulardanam daşary, Isa mesih özi hem ölümden direldi. Beýleki butparaz mifologiýalaryndaky direlýän Hudaýlardan aýratynlyk-da direliş beýleki dinler tarapyndan çynlakaý yglan edilenok we beýleki jarnamalaryň ýazgylardan daşary beýle köp tassyknamasy ýok.

Isa Mesih barada hat-da Mesihi däl taryhçylaryň hem boýun aljak iň az 12 sany taryhy fakt bardyr:

1. Isa haç-da çüýlenip öldürildi.
2. Ol gömüldi.
3. Onuň ölümi şägirtleriniň gaçmagyna we umydyny ýitirmegine sebäp boldy.
4. Isa mesihiň mazary birnäçe gün soňra boşdugy görüldi (ýa-da boşdugy görülendigi öňe sürüldi).
5. Şägirtleri direlen Isa bilen duşuşandyklaryna ynandy.
6. Mundan soňra şägirtler şüphe edýänlerden – ynançlylara öwrüldi.
7. Bu habar kilisäniň ilkinji ýyllarynda wagyzyň esasy üns merkezidi.
8. Bu habar Ierusalimde wagyz edildi.
9. Bu habar wagyz edilmegi netijesinde Kilise esaslandyryldy we bu ösdi.
10. Direliş güni ýagny Ýekşenbe (dynç güni) Şenbä (Şabat günine) derek ybadatyň esasy güni boldy.
11. Ozal skeptik bolan Ýakup hem direlen Isany görendigine ynanandan soňra dindar boldy.
12. Mesihiligiň duşmany Pawlos hem direlen Isany gören başdan geçirmesi çyndygyna ynanmagy netijesinde Mesihi boldy.

Kimdir biri bu sanawa garşy çyksa-da direlişi subut etmäge we Hoş Habary esaslandyrmaga azajyk zat gerek: Isanyň ölümi, gömülmegi, direlişi we gaýtadan görünmegi (1 Korintoslylar 15:1-5). Ýokardaky faktlardan bir-ikisini açyklamak üçin käbir teoriýalar bar hem bolup bilse diňe bir direliş bularyň ählisini açyklap bilýär. Tankytçylar şägirtler direlen Isany görendigini jar edendigini boýun alýarlar. Ne-hä aldawlar ne-de galýusinasiýalar adamy direliş sebäpli özgerişi ýaly özgeridip biler. Birinjiden, olar näme elde ederdi? Mesihilik meşhur däldi we bu olara gazanç getirmedi. Ikinjiden, ýalançylar özüni gurban edip şehit bolmasa gerek. Şägitleriň imany üçin ölmäge islegli bolmagyna direlişden zyýada açyklama ýok. Hawa, çyndygyna ynanýan ýalan zatlary üçin ölýän adamlar köp emma adamlar çyn däldigini bilýän zatlary üçin janyny bermeýäler.

Jemlesek Mesih özüniň Ýahwehdigini öňe sürdi, özüniň ylahydygyny öňe sürdi; şägirtleri onuň Hudaýdygyna ynandy we Hudaý diýip ýüzlendi oňa. Isa mesih Hudaýdygyny öz gudratlary arkaly subut etdi, dünýäni özgerden direliş hem bulardan biri. Başga hiç bir gipoteza açyklap bilmez bu faktlary. Hawa, Mesihiň Hudaýlygy Mukaddes Kitaplaýyndyr.



Türkmençe baş sahypa dolanmak



Mesihiň Taňrylygy Mukaddes Kitaplaýynmy/Mukaddes Kitaba esaslananmy?