Isa, haça Anna güni çüýlenipmidi? Eýle bolsa, Ol Ýekşenbe güni direldilen bolsa onda nädip mazarda 3 gün geçiren bolýar?


Sorag: Isa, haça Anna güni çüýlenipmidi? Eýle bolsa, Ol Ýekşenbe güni direldilen bolsa onda nädip mazarda 3 gün geçiren bolýar?

Jogap:
Isanyň, hepdäniň haýsy güni haça çüýlenendigini Mukaddes kitap açykça belläp geçmeýär. Iň ýaýbaň 2 pikir, Anna we Çarşenbe günleridir. Käbirleri bolsa, Anna we Çarşenbe argumentlerini sintezlemek bilen Penşenbe gününde çüýlenendigini öňe sürýär.

Isa, Matta 12:40-da şeýle diýýär: “Ýunusyň, äpet balygyň garnynda üç gije-gündiz geçirişi ýaly, Adam Ogly hem ýeriň kalbynda üç gije gündiz geçirer.” Haçlanmanyň Anna güni bolup geçendigini öňe sürýänler, Isanyň mazarda 3 gün geçirendigi saýlyp bilinjek ýörgünli ýollarynyň bardygyny öňe sürýär. I asyr Ýewreý düşünjesinde, günüň bir parçasy hem bütin gün saýylýardy. Isa, Anna gününiň bir bölegini, Şenbäniň ählisini we Ýekşenbäniň bir parçasyny mazarda geçirendigi üçin mazarda üç gün geçirilen hasaplanardy. Haçlanmanyň Anna güni bolup geçendigi baradaky argumentiň iň esasy esaslary Mark 15:42-de duş gelýär, o taýda Isanyň “Sabat gününden öňki günde” haça çüýlenendigi bellenip geçilýär. Eger bu hepdelik Sabat bolsa onda bu haça çüýlenmäniň Anna güni bolandygyny görkezýär, sebäbi hepdelik Sabat Şenbe günleri bolup geçýär. Haçlanmanyň Anna güni bolup geçendigi baradaky beýleki bir argument bolsa Matta 16:21 we Luka 9:22 ýaly aýatlardyr, bu aýatlar Isanyň 3-nji günde direljekdigini belläp geçýär; şeýlelikde, Isanyň mazarda doly 3 gije-gündiz geçirmegi derkar däldi. Emma käbir terjimeler bu aýatlary “3-nji günde” diýip terjime edýärkä, her bir terjime beýtmeýär. We bu aýatlary terjime etmegiň iň takyk ýolunyň “3-nji günde”digi bilen her kim ylalaşmaýar. Mundanam daşary, Mark 8:31 Isanyň üç günden “soňra” direldiljekdigini belläp geçýär.

Haça çüýlenmäniň Penşenbe güni bolup geçendigi argumenti bolsa Anna güni argumentini giňeldýär we Isanyň gömlen güni bolan Anna agşamy bilen Ýekşenbe azany arasyna sygmajak derejede köp waka (käbirleri 20 waka sanaýar) bolup geçendigini öňe sürýär. Penşenbe heserdeşleri, Anna we Ýekşenbe arasyndaky doly günüň ýeke-täk gün Şenbedigini, Ýewreý Sabatydygyny öňe çykarýar. Artykmaç bir-iki gün bu meseläni çözýär. Penşenbe heserdeşleri şeýlelikde şuny öňe sürüp biler: Bir dostuňyzy Duşenbe gününden bäri görmändigiňizi pikir ediň, soňra ony Penşenbe azanynda gördüňiz diýeli, siz şonda şeýle diýersiňiz: “Seni üç gün bäri göremok”, soňky görşeňizden bäri diňe 60 sagat (2,5 gün) geçen hem bolsa. Eger Isa Penşenbe güni haça çüýlenen bolsa, bu mysal bize onuň 3 gün mazarda geçiren saýlyp bilinjekdigini görkezýär.

Haça çüýlenmäniň Çarşenbe güni bolup geçendigini öňe sürýänler bolsa o wagtlar hepdede 2 Sabat güni bolandygyny öňe sürýär. Ilkinji Sabatdan soňra (Haça çüýlenme agşamynda bolup geçen Sabatdan soňra [Mark 15:42; Luka 23:52-54]), zenanlar burç satyn aldylar – olaryň burçy Sabatdan soňra (Mark 16:1) satyn alandygyny gözöňünde tutuň. Çarşenbe heserdeşleri bu Sabat gününiň aslynda Pasha baýramydygyny öňe sürýär (serediň: Lewililer 16:29-31, 23:24-32, 39. Bu aýatlarda hepdäniň ýedinji gününe gabat gelmeýän iňňän mukaddes günlere Sabat diýilipdir). Hepdelik 2-nji Sabat bolsa adaty hepdelik Sabat baýramydyr. Luka 23:56-da, burç satyn alan zenanlaryň, burçlary taýynlandygy we soňra “Sabat güni dynç alandygyny” aklyňyzda tutuň. Çarşenbe argumenti olaryň burçlary Sabatdan soňra satyn alan bolup bilmejekdigini we Sabatdan ozal taýynlan bolup bilmejekdigini öňe sürýär – eger hepdede 2 Sabat bolmadyk bolsa. 2 Sabatly pikirde, eger Isa Penşenbe güni haça çüýlenen bolsa, onda Beýik Mukaddes Sabat (Pasha) Penşenbe gün batymynda başlan bolardy we Anna gün batymynda tamamlanardy – hepdelik Sabatyň ýa-da Şenbäniň başlangyjynda. Burçlary ilkinji Sabatdan (Pashadan) soňra satyn aldylar diýmek, olaryň burçy Şenbe güni satyn alandygy bolýar we Sabaty çeýnändigi bolýar.

Şeýlelikde, Çarşenbe heserdeşlerine görä, mukaddes kitapdaky zenanlaryň we burç satyn almanyň we Matta 12:40-yň göni düşünilmeginiň ýeke-täk düşündirişi Isanyň Çarşenbe güni haça çüýlenendigidir. Ilkinji Sabat (Pasha) Penşenbe güni bolup geçdi, zenanlar burçy Anna (ondan soňraky gün) satyn aldylar we şol günüň özünde taýynladylar, hepdelik Sabat bolan Şenbe güni dynç aldylar we ondan soňra Ýekşenbe azanynda burçlary mazara getirdiler. Isa, Ýekşenbe güni gün batymyna ýakyn gömüldi, Ýewreý kalendarynda o wagt Penşenbäniň başlangyjydyr. Ýewreý kalendaryny ulansak şeýle ýagdaý bar: Penşenbe gijesi (birinji gije), Penşenbe gündizi (birinji gündiz), Anna gijesi (ikinji gije), Anna gündizi (ikinji gündiz), Şenbe gijesi (üçünji gije), Şenbe gündizi (üçünji gündiz). Onuň direlen wagtyny çürt-kesik bilemzok emma onuň Ýekşenbe gün dogumyndan öňdügini bilýäris. Isa, iň ir Şenbe gün batymynyň yzýany direlen bolyp biler, o gün Ýewreý hepdesiniň birinji günüdir. Mazaryň boşdugy edil gün doguşynda bilindi (Mark 16:2), daşarysy doly aýdyňlanmagynyň öňýany (Ýahýa 20:1).

Çarşenbe argumenti bilen bagly ähtimal bir problema bolsa şudyr: Isa bilen bile Emmaus-a giden şägirtler muny direliş bilen “bir günde” etdi bu ýolagçylygy (Luka 24:13). Isany tanamadyk şägirtler, Isa, onuň haça çüýlenmeginden söz edýärler (24:21) we “bu wakalar bolup geçmeginiň üçünji güni” diýiler (24:22). Çarşenbeden Ýekşenbä 4 gün bolýar. Ähtimal düşündirişi bolsa şudyr: Şägirtler, Isanyň gömlen wagty bolan Çarşenbe agşamyndan sanaýan bolup bilerler, o agşam Ýewreýleriň kalendarynda Penşenbe başlangyjy bolýar we Penşenbeden Ýekşenbä üç gün bolýar.

Wakalaryň beýik rejesinde, Mesihiň hepdäniň haýsy güni haça çüýlenendigini bilmek möhüm däldir. Bu beýle möhüm bolsady, Hudaýyň sözi bu wagty çürt-kesik we jikme-jik belläp geçerdi. Esasy zat onuň ölendigi we fiziki direlişi amala aşyrandygydyr. Şol bir wajyplykda bolan beýleki zat bolsa onuň ölme sebäbidir – ähli günäkärleriň hak edýän jezasyny öz üstüne almak. Ýahýa 3:16 we 3:36 ikisi hem Oňa bil baglamagyň baky ýaşaýyşa eltýändigini jar edýär. Onuň Çarşenbede, Penşenbede ýa-da Anna gününde haça çüýlenendigine garamazdan bu jarnama çyndyr.

English
Türkmençe baş sahypa dolanmak
Isa, haça Anna güni çüýlenipmidi? Eýle bolsa, Ol Ýekşenbe güni direldilen bolsa onda nädip mazarda 3 gün geçiren bolýar?