Hudaý ýamanlygy ýaratdymy?


Sorag: Hudaý ýamanlygy ýaratdymy?

Jogap:
Ýüzleý seretsek, ähli zady Hudaý ýaradan bolsa onda ýamanlygy hem Hudaý ýaradan bolmaly. Emma ýamanlyk, daş ýa-da elektrik togy ýaly bir “zat” däldir. Bir banka ýamanlyga eýe bolup bilmersiňiz. Ýamanlyk, aslynda özi bar däldir; ýamanlyk, ýagşylygyň ýoklugydyr. Mysal üçin, deşikler çyndyr emma olar diňe başga bir zatda bar bolup bilýändir. Bir çoruň ýoklugyna deşik diýýäris emma deşigiň özi o çordan aýry bolup bilmez. Şeýlelikde, Hudaý ýaradan wagty ähli zat ýagşylykdy. Hudaýyň döreden zatlaryndan biri hem ýagşylygy saýlamak erkinligidir. Hakyky saýlawa eýe bolmak üçin, Hudaý, ýagşylygyň ýanynda ýene-de bir zada ýer bermelidi. Şeýlelikde, Hudaý, erkin perişdeler we adamlara ýagşylygy saýlamak ýa-da ret etmek (ýamanlyk) mümkinçiligini berdi. Iki zat arasynda erbet gatnaşyk bar bolanda biz oňa ýamanlyk diýýäris emma bu “zat” ýaradylmak üçin Hudaýy talap edýän zat däldir.

Megerem has doly suratlandyrma kömek etse gerek. Kimdir biri “Sowuklyk barmy?” diýip sorasa jogap, “hawa” bolsa gerek. Emma bu jogap nädogrudyr. Sowuklyk diýen zat ýokdyr. Sowuklyk, ýylylygyň ýoklugydyr. Meňzeşlikde, garaňkylyk hem ýokdyr; garaňkylyk, ýagtylygyň ýoklugydyr. Ýamanlyk, ýagşylygyň ýoklugydyr ýa-da ýamanlyk Hudaýyň ýoklugydyr. Hudaýyň ýamanlygy döretmegine zerurlyk ýokdy, ýagşylygyň ýoklugyna ýol bermegi ýeterlikdi.

Hudaý, ýamanlygy ýaratmady emma muňa ýol berýär. Eger-de Hudaý ýamanlygyň bolmagyna mümkinçilik bermedik bolsady onda adamlar we perişdeler Hudaýa mejbury hyzmat edýän bolardy, erk bilen däl. Hudaý, “programmirlenmesi” zerarly Hudaý näme diýse eýerýän “robotlar” islänokdy. Hudaý, ýamanlygyň bar bolmagyna mümkinçilik berdi, erkin yradamyz bolup bilmegi we oňa hyzmat etmegi ýa-da etmezligi saýlap bilerimiz ýaly.

Tükenikli adamlar hökmünde, tükeniksiz Hudaýa asla aň ýetirip bilmeris (Rimlilere 11:33-34). Käte Hudaý bir zady näme üçin edýändigine düşünýändiris öýdýäris emma has soňra oýlan maksadymyzdan başga maksat üçindigine göz ýetirýäris. Hudaý, ähli zada mukaddes we baky nukdaýnazardan seredýär. Biz, günäli, dünýäleýin we wagtlaýyn nukdaýnazardan seredýäris. Hudaý, Adam ata we How enäni näme üçin ýere iberdi we munuň üsti bilen ýamanlygy, ölümi we ejiri ähli adamzada getirdi? Näme üçin Ol ählimizi ýaradyp, göni, kämil we ejirsiz boljak ýerimiz bolan jennetinde goýmady? Bakylyk barada bu soraglary doly jogaplap bilmeris. Biziň bilip biljek zadymyz, Hudaýyň her bir edeniniň mukaddesdigi, kämildigi we ahyrynda ony şöhratlandyrjakdygydyr. Hudaý, oňa çokunmak ýa-da çokunmazlyk babatda erkin saýlawa eýe bolmagymyz üçin ýamanlyga rugsat berdi. Hudaý, ýamanlygy ýaratmady emma oňa rugsat berdi. Eger Hudaý ýamanlyga rugsat bermesedi, onda biz oňa hökmany ybadat edýän bolardyk, öz erkimiz bilen däl.

English
Türkmençe baş sahypa dolanmak
Hudaý ýamanlygy ýaratdymy?