Hudaý söýgüdir diýmek näme aňladýar?


Sorag: Hudaý söýgüdir diýmek näme aňladýar?

Jogap:
Mukaddes Kitabyň söýgüni nähili suratlandyrýandygyna seredeliň we birnäçe ýol bilen Hudaýyň, söýgüniň özenidigini göreliň. “Söýgi sabyrlylykdyr, söýgi ýakymlylykdyr. Gabanmaýar, öwünmeýär, buýsanmaýar. Gödek däl, özüni agtarmaýar, aňsatlyk bilen gaharlanmaýar, ýalňyşlaryň hasabyny ýöretmeýär. Söýgi, ýamanlyk bilen däl hakykat bilen birleşýär. Hemişe goraýar, hemişe bil baglaýar, hemişe umyt edýär, hemişe saklaýar. Söýgi, asla paşmazlyk etmeýär” (1 Korintoslylar 13:4-8a). Ine bu, Hudaýyň söýgüni suratlandyrmagydyr we Hudaý söýgüdigi (1 Ýahýa 4:8) sebäpli, Hudaý, söýgüdir.

Söýgi (Hudaý) özüni hiçkime zorlamaýar. Hudaýa gelenler onuň söýgüsine jogap bermek bilen gelýär. Söýgi (Hudaý) hemmelere ýakymlylyk görkezýär. Söýgi (Isa), hiç bir parha seretmezden hemmelere ýagşylyk etdi. Söýgi (Isa), başgalarda bar zatlara özenmedi, şikaýatsyz ýönekeý durmuş ýaşady. Söýgi (Isa), özüniň bedendäki kimdigi barada öwünmedi, garşysyna gelen her kimden üstün çykyp biljekdigine garamazdan. Söýgi(Hudaý), boýun bolmaklyk talap etmeýär. Hudaý, oglundan boýun bolmaklyk talap etmedi, tersine Isa öz atasyna meýletin boýun boldy. “Dünýä bilsin ki men kakamy söýýärin we kakamyň emredişi ýaly edýärin” (Ýahýa 14:31). Söýgi (Isa) hemişe başgalarynyň bähbitlerini gözleýär.

Hudaýyň söýgüsiniň iň beýik beýany bize Ýahýa 3:16-da aýdylýar: “Hudaý dünýäni şeýle bir söýdi welin özüniň ýeke-täk ogluny gurban etdi, oňa iman eden her kim ejir çekmän baky ýaşaýyşa ýetip bilsin diýe.” Rimlilere 5:8 hem şol bir haty jar edýär. Bu aýatlardan görüp biljek zadymyz Hudaýyň iň uly arzuwynyň baky ýaşaýyşda, jennetde oňa goşulmagymyzdygydyr. Ol muny günälerimiziň muzdyny tölemek bilen mümkin kyldy. Ol bizi söýýär sebäbi Ol Öz erki bilen hereket etdi. Söýgi, bagyşlaýar. “Günälerimizi boýun alsak Ol wepalydyr, adyldyr, günälerimiz üçin bizi bagyşlar we bizi nädogrulyklarymyzdan tämizlär.”

Diýmek, Hudaý söýgüdir diýmek nämäni aňladýar? Söýgi, Hudaýyň bir sypatydyr. Söýgi, Hudaýyň häsiýetiniň, şahsyýetiniö düýp mazmunydyr. Hudaýyň söýgüsi Onuň mukaddesligi, dogruçyllygy, adyllygy ýa-da gazaby bilen gapma-garşylykda däldir. Hudaýyň ähli sypatlary kämil äheňdedir. Hudaýyň edýän her bir zady söýgüdir, edil onuň edýän her bir zadynyň adyl we dogry bolşy ýaly. Hudaý, çyn söýginiň kämil mysalydyr. Hudaý, Ogly Isany şahsy halasgär hökmünde kabul edenlere Özi ýaly söýmek ukybyny berýär, Mukaddes Ruhuň üsti bilen (Ýahýa 1:12; 1 Ýahýa 3:1, 23-24).

English
Türkmençe baş sahypa dolanmak
Hudaý söýgüdir diýmek näme aňladýar?