Hudaý bize bugünler entägem gürleýärmi?


Sorag: Hudaý bize bugünler entägem gürleýärmi?

Jogap:
Mukaddes Kitap, Hudaýyň köp adamlara sesli gürländigini belläp geçýär (Çölde 3:14; Ýeşuwa 1:1; Kazylar 6:18; 1 Şamuel 3:11; 2 Şamuel 2:1; Eýüp 40:1; Işaýa 7:3; Ýeremýa 1:7; Res 8:26; 9:15 – bular kiçijik sanawlar). Mukaddes Kitapda, Hudaýyň bugünler adamlara sesli gürläp bilmejekdigini pikir etmek üçin esas ýok. Mukaddes Kitap, Hudaýyň gürlemesiniň ýüzlerçesini belläp geçýär, bularyň 4 000 ýyl dowamynda bolup geçendigini hem ýatda saklamak gerek. Hudaýyň sesli gürlemegi gaýrytutmadyr, düzgün däldir. Mukaddes ýazgylarda bellenip geçilen Hudaýyň gürlemeleriniň hem seslidigi, içsesdigi ýa-da a:ňy bir tejribedigi gümürtikdir.

Hudaý bugünlerde hem adamlara gürleýär. Ilki bilen, Hudaý bize öz Sözi üsti bilen gürleýär (2 Timoteos 3:16-17). Işaýa 55:11 şeýle diýýär: “Agzymdan çykan söz hem: maňa boş dolanmaz, islegimi berjaý eder we ony iberme maksadyma ýeter.” Mukaddes Kitap, Hudaýyň sözüdir, halas bolmak üçin we Mesihi durmuş ýaşamak üçin bilmeli ähli zadymyzdyr. 2 Petrus 1:3 jar edýär: “Onuň ylahy güýji bize ýaşaýyş we mukaddeslik üçin gerek bolan ähli zady berýär we biziň ony bilmegimiz bilen ol bizi öz şöhratyna we ýagşylygyna çagyrdy.”

Hudaý bize wakalar üsti bilen hem “gürläp” biler – biziň ýagdaýymyzy sazlamak bilen meselem. Hudaý bize, dogryny we ýalňyşy wyždanymyz arkaly tapawutlandyrmaga ýardam berýär (1 Timoteos 1:5; 1 Petrus 3:16). Hudaý, pikirlerimiziň Onuň düşünjelerini oýlanma prosedurasydyr (Rimlilere 12:2). Hudaý, bizi ugrukdyrmak üçin, bizi özgertmek üçin we ruhy taýdan ösmegimiz üçin durmuşymyzda wakalaryň bolup geçmegine rugsat berýär (Ýakyp 1:2-5; Ybranylara 12:5-11). 1 Petrus 1:6-7 bize şuny ýatladýar: “Bularyň hemmesinde siz gaty begenýärsiňiz, häzirem her dürli synaglarda hasrat çekmeli bolmagyňyz mümkin. Bular, imanyňyzyň subut edilen hakykylygy, altyndan has gymmatly, ot bilen arassalanan hem bolsa ýok bolup, Isa Mesih aýan bolanda öwgä, şöhrata we hormata sebäp bolup biler.”

Hudaý, adamlara käte sesli hem gürläp biler. Bu seýrekdir, käbir adamlaryň aýdýan ýygylygynda bolmagy şüphelidir. Hat-da, Mukaddes Kitapda hem Hudaýyň gürlemegi adatdan daşarydyr, adaty däldir. Kimdir biri size özüne Hudaýyň gürländigini aýtsa, size diýileni Mukaddes Kitabyň diýýänine deňeşdiriň. Hudaý bugün gürlesedi, Onuň diýýäni, Mukaddes Kitapda diýeni bilen ylalaşykda bolardy (2 Timoteos 3:16-17). Hudaý özi bilen gapma-garşy bolmaz.

English
Türkmençe baş sahypa dolanmak
Hudaý bize bugünler entägem gürleýärmi?