Hudaý bilen nädip gatnaşyk ýola goýup bilerin?


Sorag: Hudaý bilen nädip gatnaşyk ýola goýup bilerin?

Jogap:
Hudaý bilen dogry gatnaşygy ýola goýmak üçin biz ilki nämäniň “ýalňyşdygyna düşünmeli.” Jogap: günä. “Ýagşylyk edýän ýok, ýok ýeke biride” (Zebur 13:3). Biz Hudaýyň buýruklaryna baş göterdik; biz “edil goýun ýaly azaşdyk” (Işaýa 53:6).

Erbet habar bar, ol hem günä üçin jezanyň ölümdigi. “Diňe günä eden jan öler” (Ezekiýel 18:4). Gowy habar bar, ol bolsa şuldyr: Söýgüli Hudaý bizi gutulyşa getirmek üçin ýeke goýmady. Isa mesih özüniň “ýitenleri agtarmaga we halas etmäge gelendigini” yglan etdi (Luka 19:10), we haç-da öleninde öz wezipesiniň ýerine ýetirlendigini aýtdy “Ählisi berjaý boldy” (Ýohanna 19:30) diýmek bilen.

Hudaý bilen dogry gatnaşyk gurnamak günäňi aňşyrmak bilen başlaýar. Ondan soňra günäňi Hudaý öňünde boýun almak bilen dowam edýär (Işaýa 57:15) we günäni taşlamak baradaky karar bilen. “Çünki çyn ýürekden iman edýän adam aklanar, agzy bilen ykrar edýän hem halas bolar” (Rimlilere 10:10).

Toba iman bilen bile bolmalydyr – esasanam Isa mesihiň gurban bolup ölen ölümi we gudratly direlişine, Ol özüňiň halaggäriňdigine bolan iman bilen. “Eger sen agzyň bilen Isa mesihiň Rebdigini ykar etseň, Hudaýyň ony ölümden direldenine ýürekden iman etseň halas bolarsyň” (Rimlilere 10:9). Mundan başga-da köp aýatlar imanyň möhümdigi barada gürleýär, olara mysal: Ýohanna 20:27; Resullar 16:31; Galatýalylar 2:16; 3:11 we Efeslilere 2:8.

Hudaý bilen gatnaşygy ýola goýmak Hudaýyň sen üçin edenlerine jogap bermegiňdir. OL halasgär iberdi, Ol günäleriňden azat bolmagyň üçin gurbanlyk üpjün etdi (Ýohanna 1:29) we ol saňa wada berýär: “Rebbi çagyran her bir ynsan halas bolar” (Resullar 2:21).

Tobanyň we geçirimliligiň iň gowy mysaly Ýiten ogul tymsalydyr (Luka 15:11-32-de). Hudaý öz wadalaryny saklaýandyr, muňa geçirimlilik hakdaky wadasy hem degişlidir. “Reb eşidýär dogrular perýat edende, Ol olary ähli muşakgatlardan halas eýleýär” (Zebur 33:18).

Hudaý bilen dogry gatnaşygy ýola goýmak isleýäňizmi? Hawa bolsa ine onda size ýönekeýje dileg. Bu dilegi etmek diýmek siz öz gutulyşyňyz üçin Isa mesihe bil baglaýandygyňyzy Hudaýa ykrar etmekdir. Sözleriň gury özi sizi halas etmez, diňe Isa mesihe bolan iman gutulyşy üpjün eder! “Rebbim, Saňa garşy günä edendigimi we jezany hak edendigimi bilýärin. Emma oňa bolan Imanym arkaly bagyşlanyp bilmegim üçin Isa mesih jezamy özüne aldy. Ýardamyň bilen gutulyşyma bolan ynamymda saňa bil baglaýaryn. Soňsuz merhemetiň we geçirimliligiň-ebedi durmuşy sowgat berendigiň üçin saňa minnetdar! Amen!”

Bu ýerde okanlaryň sebäpli Isa Mesihi öz halasgäriňiz hökmünde kabul etmek kararyna bardyňyzmy?? Eger şeýle bolsa, onda aşakdaky "Men şu gün Mesihi kabul etdim" düwmesine basyň.



Türkmençe baş sahypa dolanmak



Hudaý bilen nädip gatnaşyk ýola goýup bilerin?