Günäkäriň dilegi nämedir?


Sorag: Günäkäriň dilegi nämedir?

Jogap:
Günäkäriň dilegi, bu haçan-da adam günälidigine we halas edilmäge mätäçdigine düşünende edýän dilegidir. Günäkäriň dilegini diňe dilden edip goýmak hiç bir zat gazandyrmaz. Günäkäriň dilegi diňe haçan-da adamyň içinde günäkärdigine we halas edilmäge mätäçdigine bolan ynamy we düşünjäni dile getirende kabul edilýändir.

Günäliniň dileginiň birinji taglymaty biziň ählimiz günälidigimizdir. Rimliler 3:10 “Dogry adam ýok, ýok ýeke biri-de” diýýär. Mukaddes Kitap biz ählimiz günälidigimizi açyk-aýdyň beýan edýär. Biziň ählimiz Hudaýyň merhemetine we geçirimliligine mätäç bolan günäkärlerdiris (Titus 3:5-7). Günämiz zerarly biz ählimiz ebedi jeza laýykdyrys (Matta 25:46). Günäkäriň dilegi höküm ýerine rehime bolan dilegdir. Bu gazap deregine rehim üçin talapdyr.

Günäkäriň dileginiň 2-nji taglymaty bolsa Hudaý biziň ýagdaýymyzy sagaltmak üçin näme edendigini bilmekdir. Hudaý Isa Mesih keşbinde adam bedenine girdi (Ýohanna 1:1, 14). Isa Mesih bize Hudaý hakdaky hakykaty öwretdi we dolulygyna kämil we günäsiz ýaşaýyşy ýaşap görkezdi (Ýohanna 8:46; 2 Korintoslylar 5:21). Isa mesih ondan soňra biziň deregimize, biziň günälerimiz üçin haç-da öldi (Rimlilere 5:8). Isa mesih ölüme, günä we dowzaha garşy ýeňşini subut etmek üçin ölümden direldi (Kolosiýalylara 2:15; 1 Korintoslylara 15-nji bap). Bular ählisi sebäpli, eger-de biz Isa Mesihe iman etsek onda biz dolulygyna bagyşlanyp we jennetden ebedi orun alyp bileris. Biziň etmeli ba:r zadymyz ol bize derek ölendigine we ölümden direlendigine ynanmak (Rimlilere 10:9-10). Biz diňe rehim sebäpli halas bolup bileris, diňe Isa Mesihe bolan iman arkaly. Efesliler 2:8 “Çünki siz iman arkaly Hudaýyň merhemeti bilen halas edildiňiz. Bu siziň öz tagallaňyz bilen bolmady, muny size Hudaý peşgeş berdi.” diýýär.

Günäkäriň dilegini okamak, bu siz Hudaýa Isa mesihe öz halasgariňiz hökmünde ynanýandygyňyzy ykrar etmekdir. Gutulyş üçin aýratyn bir “jadyly” sözler ýokdur. Bu diňe Isa Mesihiň ölümine we bizi halas etmek üçin direlendigine iman etmekdir. Siz günälidigiňizi we Isa mesih arkaly halas edilmäge mätäçdigiňizi aňan bolsaňyz onda size ine Hudaýa aýdyp biljek günäliniň dilegiňiz: “Rebbim, men özümiň günäkärdigimi bilýän. Men günälerimiň eltjek netijesine laýykdygymy bilýärin ýöne men Isa mesihe öz halasgärim hökmünde ynanýaryn. Onuň ölümi we direlişi meniň günäm üçin tölegdigine ynanýaryn. Men diňe we diňe Isa mesihe ynanýaryn hökümdarym we halasgärim hökmünde. Meni bagyşlandygyň we halas edendigiň üçin minnetdar saňa Hudaýym! Amen!”

Bu ýerde okanlaryň sebäpli Isa Mesihi öz halasgäriňiz hökmünde kabul etmek kararyna bardyňyzmy?? Eger şeýle bolsa, onda aşakdaky "Men şu gün Mesihi kabul etdim" düwmesine basyň.



Türkmençe baş sahypa dolanmak



Günäkäriň dilegi nämedir?