Durmuşyň manysy näme?


Sorag: Durmuşyň manysy näme?

Jogap:
Durmuşyň manysy näme? Durmuş-da nädip maksat we kanagatlanma tapyp bilerin? Ähmiýetli boljak nämedir bir zady amala aşyrmaga güýjüm ýetermi? Köp adamlar bu sorag hakynda kelle döwmegi asla taşlan däldir. Olar geçmişe seredip öz gatnaşyklary näme üçin soňlanandygyna we ýetmeli maksadyna ýetip biljek bolan bolsalar hem näme üçin entägem özüni boşlukda duýýändygyna haýran galýarlar. Beýzbol şöhratlar zalyna girizilen bir beýzbolçy özüne “beýzbola başlaňyzda kimdir biri size näme aýdan bolmagyny islärdiňiz” soragyna “iň belende ýeteniňde o taý-da hiçzat bolmajakdygyny aýdan bolmagyny islärdim” diýip jogap beren. Köp maksatlar dereksizdigi ugrunda köp ýyllar harjanansoň belli bolýar.

Ynsany jemgyýetimizde köp adam “şunda many taparyn” diýen maksatlary yzynda ylgaýar. Bu ylgawlaryň käbiri biznes-de üstünligi, baýlygy, gowy gatnaşygy, jynsy gatnaşygy, güýmenjäni we başgalara haýyr etmegi öz içine alýar. Adamlar, haçan-da baýlyk, gatnaşyk we keýp ýaly maksatlara ýetenlerinde içlerinde entägem hiç bir zat bilen doldurylyp bilinmejek ýaly görünen boşluk bardygyna şaýatlyk etdiler.

Mukaddes kitabyň bir bölümi bolan “Wagyz” kitabynyň awtory “Manysyz! Manysyz! Durşuna manysyz! Ähli zat manysyz (Wagyz 1:2)” diýmek bilen bu duýgyny belläp geçýär. Süleýman şa, Wagyz kitabynyň awtory, biçak baýlyga, häzirki we şol wagtky ähli adamlaryň has ötesindäki paýhasa, ýüzlerçe zenana, patyşalary göriplige duçar eden köşklere we baglara, iň gowy iýmite we şeraba we bar bolan her hili güýmenjä eýeçilik edýärdi. Bir gezeginde ol ýüreginiň küýsän islendik bir zady yzynda ylgandygyny aýdýar. Ýene-de l “pany dünýädäki durmuş”-gözümiziň görýän we duýgylarymyzyň duýýan görnüşindäki durmuş-manysyz diýen netijä bardy. Näme üçin beýle boşluk bar? Sebäbi Hudaý bizi bu dünýäde başdan geçirip bilmejek bir zat üçin ýaratdy. Süleýman Hudaý barada “Ol bakylygy adamlaryň kalbynda döretdi hem...” (Wagyz 3:11) diýýär. Ýüregimizde biz bu dünýä bar bolan ähli zat däldigini duýýas.

Mukaddes kitabyň ilkinji kitaby bolan Gelip çykyş kitabynda biz Hudaý adamy öz keşbinde ýaradandygyny görýäs. Bu diýmek biziň başga nämedir bir zada bolan meňzeşligimizden Hudaýa bolan meňzeşligimiz has ýakyndyr. Biz, adam günä etmänkä we günäniň näleti ýere gelmänkä şu zatlary görýäs: (1) Hudaý ynsany sosial bir jandar edip ýaratdy (Gelip çyky 2:18-25); (2) Hudaý ynsana zähmeti bagyş etdi (Genesis 2:15); (3) Hudaýyň ynsan bilen dostlugy bardy (Gelip çykyş 3:8); we (4) Hudaý adamzada ýer ýüzüne bolan hökümdarlygy bagyş etdi (Gelip çykyş 1:26). Bu zatlaryň ähmiýeti näme? Hudaý bu zatlaryň ählisi durmuşda many tapmagymyza goşant goşmagyny niýetläpdi emma bu zatlaryň ählisi (esasanam ynsanyň Hudaý bilen bolan dostlugy) ters täsir görüpdi ynsanyň günä boýun egmegi we dünýäniň näletlenmegi netijesinde (Gelip çykyş 3).

Mukaddes kitabyň iň soňky kitaby bolan Aýanlyk kitabynda Hudaý biziň bilýän ýerimizi we älemimizi ýok etjekdigini we täze jennet we täze ýer ýaratmak bilen baky görnüşde orta çykjakdygyny aýan edýär. Şonda Ol halas edilen adamlar bilen dostlugyny gaýtadan diklär, halas edilmediklere bolsa kazylyk ediler we olar ýanyp duran köle oklanar (Aýanlyk 20:11-15). Günäniň näletiniň soňuna çykylan bolar; ondan artyk günä, ýas, kesel, ölüm, güzap we ş.m bolmaz (Aýanlyk 21:4) we imanlylar ähli zadymiras alar. Hudaý olar bilen bile bolar we olar Hudaýyň ogullary bolarlar (Aýanlyk 21:7). Şeýlelikde biz Hudaý bizi o bilen dostluk etmek üçin ýaradandygyna göz ýetirýäris, ynsan günä etdi ol dostlugy bozmak bilen, Hudaý o dostlugy gaýtadan dikleýär dolulygyna ebedi şekilde halas edilenler bilen bile. Durmuşdaky ähli zady we islendik zady gazanyp Hudaýdan üzňe ölüp gitmek nähaklykdan hem erbet bolar! Hudaý diňe bir ebedi eşreti elýeter etmek bilen galmady (Luka 23:43), şol bir wagt-da dünýäde hem kanagatlandyryjy we manyly durmuşy elýeter etdi. Bu dünýäde bu ebedi rähnet we jennet nähili gazanylýar?

DURMUŞYŇ MANYSYNY ISA MESIH ARKALY DIKELTMEK

Adam ata we How ene günä duçar bolmagy zerarly ýiten durmuşyň hakyky manysy bu dünýäde hem bakyýetde hem Hudaý bilen gatnaşygyň ýola goýulmagy arkaly dikeldilip biliner. Häzirlerde Hudaý bilen bu gatnaşyk diňe onuň ogly Isa mesih üsti bilen mümkin (Ilçileriň işleri 4:12; Ýohanna 14:6, Ýohanna 1:12). Kimdir biri günäleri üçin toba edende (indi günä dowam etmek islänok we Mesihiň bulary üýtgedip ony bigünä adam etmegini isleýär) we Isa mesihe iman edende (bu möhüm meselede has köp maglumat üçin “Halas edilmegiň meýilnamasy näme? (What is the plan of salvation)” atly soraga seret).

Durmuşyň hakyky manysy diňe bir Isany Mesih hökmünde ykrar etmekden geçmeýär (hernäçe geň galdyrjy bolsada). Durmuşyň manysy, haçan-da kimdir biri Isanyň şägirdi bolup oňa eýerende, onuň üçin we mukaddes kitap üçin wagt sarp edende, ybadat-da onuň bilen gürleşende we durmuşyny onuň buýruklaryna eýerip dowam edende ýüze çykýar. Eger-de siz ynanmaýan bolsaňyz (ýa-da täze iman eden bolsaňyz) siz “aý bula o diýen ýerlikli görünenok maňa” diýýän bolmagyňyz mümkin emma ýene biraz okaň. Isa şulary diýdi:

“Eý argynlar we agyr ýüklüler, meniň ýanyma geliň, men size dynçlyk bereýin. Meniň boýuntyrygymy dakynyň-da, menden öwreniň. Men mylaýym hem pes göwünlidirin, janyňyz rahatlyk tapar. Meniň boýuntyrygym ýumşakdyr, ýüküm ýeňildir” (Matta 11:28-30). “Men olara ýaşaýyş, bolelin ýaşaýyş bermek üçin geldim” (Ýohanna 10:10b). “Kim meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, haçyny alyp, yzyma düşsün. Kim janyny halas etmek islese, ony ýitirer, ýöne kim janyny halas Meniň ugrumda ýitirse , ony halas eder.” (Matta 16:24-25).

Bu sözlemleriň ählisiniň diýýän zady biziň saýlawymyzyň barlygy. Biz öz durmuşymyza soňy boşluga barjak ýol gözlap bileris ýa-da biz, durmuşyň manysy bilen netijelenjek we ýüreklerimiziň küýsegini berjek Hudaýy we onuň durmuşymyz üçin islegini agtarmagy saýlap bileris. Munuň sebäbi Ýaradyjymyz bizi söýýär we biz üçin iň gowy (iň aňsat däl emma iň kanagatlandyryjy) durmuşy isleýär.

Eger siz sport muşdagy bolsaňyz we professional bir oýuna gitmäge karar berseňiz, siz birnäçe dollar harjap iň yzky hatardan orun alyp bilersiňiz ýa-da birnäçe dollar harjap iň ýakyn hatardan orun alyp bilersiňiz. Hristýan durmuşynda hem şeýledir. Hudaýy iň ýakynda görmek diňe bir dyn güni kilisä gidýan Hristýanlar üçin däldir, olar muzdy tölän däldirler. Hudaýy ýakyndan tanamak öz isleglerini agtarmagy taşlap tüýs ýürekden Mesihiň şägirtligine duranlar üçindir. Olar muzdy tölediler (Mesihe we onuň isleglerine doly boýun bolmak); olar durmuşy dolulygyna başdan geçirýärler; we olar özleri, dosty we olary Ýaradany bilen arkaýyn ýüzleşip bilerler! Siz muzdy tölediňizmi? Tölemek isleýäňizmi? Şeýtseňiz siz durmuşyň manysyndan ýaňa kemçilik çekmersiňiz.



Türkmençe baş sahypa dolanmak



Durmuşyň manysy näme?