settings icon
share icon
Sorag

Haýwanlar jennete gidýärmi? Haýwanlaryň ruhy barmy?

Jogap


Mukaddes kitap bu barada anyk bir zat aýtmaýar emma biz özümiz Mukaddes Kitapdan bu baradaky käbir düzgünleri ulanyp bileris bu babat-da. Mukaddes Kitap ynsanlaryňam haýwanlaryňam “dirilik nepesi” bardygyny (Gelip Çykyş 1:30; 6:17; 7:15; 22) aýdýar; bu olaryň ikisi hem ýaşaýan jandar diýmek. Ynsan we haýwan arasyndaky esasy tapawut adamlar Hudaýyň keşbinde ýaradylan (Gelip çykyş 1:26-27), haýwanlar beýle ýaradylmadyk. Hudaý keşbinde ýaradylmak diýmek ynsanlar Hudaý ýaly, ruhylyga ukyply, aňly, duýgyly we erkli we ölümden soňra durmuşy dowam edýär. Şeýlelik-de, Eger-de haýwanlaryň ruhy ýa-da maddy däl tarapy bar hem bolsa olaryň bu gurmuşy adamlaryňkydan pes görnüşde bolmaly. Bu tapawut megerem haýwanlaryň ruhy ölümden soňra ýaşaýşa dowam etmeýär diýmek bolsa gerek.

Gözden geçirilmeli beýleki bir faktor bolsa Haýwanlar Hudaýyň döredijilik prosesiniň bir parçasy bolmagy. Reb haýwanlary ýaratdy we munuň gowudygyny gördi (Gelip çykyş 1:25). Şeýlelik-de, täze durmuş-da haýwanlaryň bolup bilmejekdigi barada sebäp ýok (Aýanlyk 21:1). Müň ýylllyk şalykda haýwanlar boljakdygy anykdyr (Işaýa 11:6; 65;25). Biz ýerdekäk edinen, bärde bar bolan haýwanlar o şalykdaky haýwanlardan biri blup bolmajakdygyny anyk aýtmak mümkin däl. Biz Rebbiň adyldygyny bilýäris we jennete baranymyzda onuň bu babatdaky karary bizi dolulygyna razy eder, o karar nähili hem bolsa.

English



Türkmençe baş sahypa dolanmak

Haýwanlar jennete gidýärmi? Haýwanlaryň ruhy barmy?
Facebook icon Twitter icon Pinterest icon Email icon
© Copyright Got Questions Ministries