settings icon
share icon
Sorag

Mukaddes Ruhuň baptizmi (çümdürme) näme?

Jogap


Mukaddes Ruhuň baptizmini (çümdürme) şeýle düşündirip bileris: Halas edilme pursadynda, Hudaýyň Ruhunyň, iman edeni Mesihiň bedeninde, Mesih bilen we beýleki imanlylar bilen bileleşige baglamagydyr. Mukaddes Ruhuň baptizmi, Çümdüriji Ýahýa (Mark 1:8) we göge galmazyndan owal Isa Mesih tarapyndan çak edilipdi: “Ýahýa sizi suwa çümdüripdi, emma ýene birnäçe günden siz Mukaddes Ruha çümdürilersiňiz” (Res 1:5). Bu wada, ellinji gün baýramynda ýerine ýetirildi (Res 2:1-4); taryhda ilkinji gezek adamlar Mukaddes Ruha çümdürilipdi we bu waka kilisäniň başlangyjy boldy.

1 Korintoslylar 12:12-13 aýatlary, Mukaddes Ruhuň baptizmi barada merkezi aýatlardyr: “Beden bir bolsa-da, agzalary köpdür. Agzalary köp bolsa-da, olar bütewi bir teni emele getirýärler. Mesih babatda hem şeýledir. Çünki biz kim bolsak-da: ýahudymy, grekmi, gulmy, erkinmi – tapawudy ýok, barymyz bir beden bolmak üçin, bir Mukaddes Ruha çümdürildik. Biziň barymyz bir Mukaddes Ruhy kabul etdik.” Üns beriň, “barymyz bir” bolmak üçin Mukaddes Ruha çümdürildik diýýär – imanlylaryň ählisi hem bu baptizmi kabul edendir, baptizmi kabul etmek – gutulyş bilen sinonimdir we bu kiçijik bir bölek üçin aýratyn tejribe däldir. Rimlilere 6:1-4 Hudaýyň ruhuny aýratyn belläp geçmeýän hem bolsa, bu aýatlar imanlynyň Hudaýyň öňündäki ýerini 1 Korintoslylardaky degişli aýatlara meňzeş ýagdaýda suratlandyrýar: “Onda näme, Hudaý Öz merhemetini bize köpden-köp görkezsin diýip, günä edibermelimi? Elbetde, ýok! Biz günä babatda öldük ahyryn. Onsoň neneň edip günä içinde ýaşap bileris? Ýa-da siz suwa çümdüriliş arkaly Isa Mesih bilen birigip, indi Onuň ölümine şärik bolýandygymyzy bilmeýäňizmi? Hawa, biz suwa çümdüriliş arkaly Mesih bilen ölüp, jaýlandyk. Şoňa görä-de, Atanyň şöhratly gudraty arkaly Mesihiň ölümden direlişi ýaly, biz hem täze ýaşaýşa eýe bolup bileris.”

Mukaddes Ruhuň baptizmine bolan düşünjämizi jebisleşdirmek üçin şu faktlar derkardyr: Ilki bilen, 1 Kor 12:13 açykça hemmeleriň çümdürilendigini (baptiz edilendigini) aýdýar, her kimiň içmek üçin Ruh berilendigi ýaly. Ikinjiden, Mukaddes Ýazgylaryň hiç bir ýerinde imanlylar, Mukaddes Ruh bilen, Mukaddes Ruhuň içinde ýa-da Mukaddes Ruh tarapyndan çümdürilmegiň ýoluny agtarmalydygy aýdylýar. Bu hem bize imanlylaryň ählisiniň hem bu tejribäni başdan geçirendigini görkezýär. Üçünjiden, Efesliler 4:5 Ruh baptizminden gürleýän ýaly. Eger ýagdaý şeýle bolsa, Ruh baptizmi her bir imanly üçin hakykatdyr, edil “bir iman” we “bir Atanyň” hakykat bolşy ýaly.

Jemlemek üçin, Mukaddes Ruhuň baptizmi 2 zady ýerine ýetirýär: 1) O bizi Mesihiň bedenine birikdirýär we 2) Mesih bilen bile haça çüýlenmegimizi amala aşyrýar. Onuň bedeninde bolmak diýmek, onuň bilen täze durmuşa beýgeldilmek diýmekdir (Rimlilere 6:4). Biz o bedeni işjeň tutmak üçin ruhy peşgeşlerimizi maşk etmelidir, 1 Kor 12:13-de diýlişi ýaly. Ruh baptizmini başdan geçirmek kilisäniň bütewiligini dowam etdirmek üçindir, Efesliler 4:5-de diýlişi ýaly. Mesihiň ölümine, gömülişine we direlişine, Mukaddes Ruhuň baptizmi arkaly baglanmak, içimizdäki günämizden aýrylmak we täze durmuşa ýöremek üçin esas emele getirýär (Rimliler 6:1-10, Kolosiýalylar 2:12).

English



Türkmençe baş sahypa dolanmak

Mukaddes Ruhuň baptizmi (çümdürme) näme?
Facebook icon Twitter icon Pinterest icon Email icon
© Copyright Got Questions Ministries