settings icon
share icon
Sorag

Isa Hudaýyň ogludyr diýmek, näme diýmek?

Jogap


Isanyň Hudaýyň ogly bolmagy adam ata we ogul gatnaşygy ýaly däldir. Hudaý öýlenmedi, Hudaý ogul dogurtmady. Hudaý, Merýem bilen jübütleşmedi we bilelikde ogul öndürmediler. Isa Hudaý ogly bolmagy şu manydadyr: Hudaýyň, özüni adam formunda manifesto etmegidir (Ýahýa 1:1, 14). Isa, Merýemiň garnyna Mukaddes Ruh arkaly düşmek bilen Hudaýyň ogludyr. Luka 1:35 ykrar edýär: “Mukaddes Ruh seniň üstüňe iner, Beýik Hudaýyň gudraty seniň üstüňe kölege salar. Şonuň üçin hem doguljak çaga Mukaddes saýylar, Oňa Hudaýyň Ogly diýler”.

Ýewreý liderleriň öňünde suddaka, baş Ruhany Isadan sorady:” Saňa diri Hudaýdan kasam edýärin, bize aýt, Hudaýyň Ogly – Mesih Senmi?” (Matta 26:63). “Hawa, aýdyşyň ýaly” diýip jogap berdi Isa. “Size ýene şuny aýdaýyn, mundan soň siz Ynsan Oglunyň Gudratygüýçliniň sagynda oturanyny we gögüň bulutlarynda gelýänini görersiňiz!” (Matta 26:64). Ýewreý liderler Isany Hudaýa dil ýetirmekde aýyplamak bilen jogap berdi (Matta 26:65-66). Has soňra, Pontius Pilatus öňünde şeýle diýdi Ýewreý ruhanylar: “Biziň bir kanunymyz bar, şol kanun boýunça Ol ölmeli, sebäbi Ol Özüni Hudaýyň Ogly diýip atlandyrýar” (Ýahýa 19:7). Onuň Hudaý Ogludygyny jar etmegi näme üçin Hudaýa dil ýetirmek saýylsyn we ölüm jezasyna laýyk hasaplanylsyn? Sebäbi, Ýewreý liderler Isanyň “Hudaý Ogly” frazasy bilen nämäni gözöňünde tutýandygyna düşünýärdi. Hudaýyň ogly bolmak, Hudaý bilen bir tebigatda bolmakdyr. Hudaýyň Ogly bolmak, “Hudaýy” bolmakdyr. Hudaýyň Ogludygyňy öňe sürmek, Ýewreý liderleriň gözünde, Hudaýdygyňy öňe sürmekdi we Hudaýa dil ýetirmekdi; şo sebäpden Isanyň ölümini talap etdiler, Lewililere 24:15-e laýyklykda. Ybranyla 1:3 muny açykça aýdýar: “Ogul Hudaýyň şöhratynyň ýalkymydyr, Onuň barlygynyň keşbidir. Ol bütin älem-jahany gudratly sözi bilen saklap, bizi günälerden päkländen soň, gökde beýik Hudaýyň sagynda oturdy.”

Başga bir mysal Ýahýa 17:12-de duş gelýär,o taýda Iuda “heläkçiligiň ogly” diýip taryp edilýär. Ýahýa 6:71 bize Iudanyň. Şimonyň ogludygyny aýdýar. Iudany heläkçiligiň ogly diýip suratlandyrmak bilen Ýahýa 17:12 nämäni gözöňünde tutýar? Heläkçilik, ýykym, zaýaçylyk, musor diýmekdir. Iuda, sözüň asyl manysynda ýykymyň ogly däldir emma o adalgalar Iudanyň durmuşyny suratlandyrýar. Iuda, ýykymyň manifestosydy. Birmeňzeşlikde, Isa hem Hudaýyň ogludyr. Hudaýyň ogly, Hudaýdyr. Isa, Hudaýyň manifestosydyr (Ýahýa 1:1, 14).

English



Türkmençe baş sahypa dolanmak

Isa Hudaýyň ogludyr diýmek, näme diýmek?
Facebook icon Twitter icon Pinterest icon Email icon
© Copyright Got Questions Ministries