settings icon
share icon
Sorag

Ynha men Isa iman etdim... indiki maslahat?

Jogap


Ynha men Isa iman etdim... indiki maslahat?

Gutlaýarys! Durmuşyňyzy özgertjek karara gelipsiňiz! Megerem siz soraýan bolsaňyz gerek: “Indiki maslahat? Hudaý bilen ýolagçylygyma nähili başlamaly?” Aşakda agzalan bäş adim size Injilden ugrukdyrma berer. Ýolagçylygyň dowamynda sorag ýüze çyksa https://www.gotquestions.org/Turkmen giriň.

1. Halas boluşa düşünýändigiňize göz ýetiriň.

1 Ýahýa 5:13-de bize “Men şu zatlary Hudaýyň Oglunyň adyna ynanýan size ebedi ýaşaýşyňyzyň bardygyny biliň diýip ýazýaryn” diýilýär. Hudaý biziň halas boluşa düşünmegimizi isleýär. Hudaý biziň gutuljakdygymyzy gutarnykly bilip arkaýyn bolmagymyzy isleýär. Gysgaça, halas bolmagyň esasy nokatlaryna seredip geçeliň:

(a) Hemmämiz günä etdik. Biziň hemmämiz Hudaýa ýaramaýan işler etdik (Rimlilere 3:23).

(b) Günälerimiz sebäpli Hudaýdan ebedi aýra düşmäge mynasyp bolduk (Rimlilere 6:23).

(c) Isa haçda biziň günälerimiziň jerimesini tölemek üçin öldi (Rimlilere 5:8; 2 Korintoslylar 5:21). Isa biziň çekmeli jezamyzy Öz üstüne alyp biziň deregimize öldi. Isanyň direlmegi Onuň ölüminiň günälerimiziň tölegi üçin ýeterlik bolandygyny äşgär etdi.

(d) Hudaý Isa iman edip Onuň ölüminiň günälerimiziň tölegidigine ynanýanlaryň hemmesini bagyşlaýar we halas edýar (Ýohanna 3:16; Rimlilere 5:1; Rimlilere 8:1).

Bu halas boluşyň habarydyr! Eger Isa Mesihe Halasgäriňiz hökmünde iman eden bolsaňyz, siz halas bolduňyz! Ähli günäleriňiz bagyşlanýar we Hudaý sizi taşlamajakdygyny ýa-da terk etmejekdigini wada berýär (Rimlilere 8:38-39; Matta 28:20). Ýatda saklaň, halas bolmagyňyza Isa Mesih güwä geçýär (Ýahýa 10:28-29). Eger Isa ýeke-täk Halasgäriňiz hökmünde ynanýan bolsaňyz, Hudaý bilen jennetde ebedi ýaşajakdygyňyzdan arkaýyn bolup bilersiňiz!

2. Injili öwredýän gowy ýygnak tapyň.

Ýygnaga ýöne bir bina hökmünde garamaň. Ýygnak adamlardyr. Isa Mesihe ynanýanlaryň biri-birine ýoldaşlygy örän möhümdir. Şol ýygnagyň esasy maksatlarynyň biridir. Isa Mesihe iman eden bolsaňyz, indi biz sizi öz töweregiňizde Injile ynanýan ýygnak tapmaga we pastor bilen gürleşmäge çagyrýarys. Isa Mesihe iman edengiňizi oňa habar beriň.

Ýygnagyň ikinji maksady Injili öwretmekdir. Hudaýyň görkezmelerini nähili durmuşa geçirmelidigini öwrenip bilersiňiz. Üstünlikli we güýçli Mesihi ýaşaýyş üçin Injile düşünmek örän wajypdyr. 2 Timoteos 3:16-17 şeýle diýýär: “Ýazgylaryň hemmesi Hudaýyň ylhamy bolup, Hudaýyň adamy her bir oňat iş üçin taýyn, kämil bolar ýaly, öwretmek, käýemek, ýola getirmek we dogrulykda terbiýelemek üçin peýdalydyr.”

Ýygnagyň üçünji maksady sežde etmekdir. Sežde Hudaýyň ähli edenleri üçin şükür etmekdir! Hudaý bizi halas etdi. Hudaý bizi söýýär. Hudaý bizi üpjün edýär. Hudaý bize ýolbeletlik edýär we bizi ugrukdyrýar. Biz Oňa neneň minnetdar bolmaly? Hudaý mukaddes, adalatly, söýgüli, mähirli we merhemetden doludyr. Ylham 4:11-de şeýle beýan edilýär: “Eý Rebbimiz, Hudaýymyz! Sen şöhraty, hormaty hem gudraty almaga mynasypsyň. Çünki hemme zady Sen ýaratdyň. Ählisi Seniň islegiň bilen döredi, ýaradyldy.”

3. Her gün Hudaý üçin wagt aýyryň.

Hudaý üçin her gün wagt aýyrmak örän möhümdir. Käbir adamlar muňa “asudalyk wagty” diýýärler. Käbirleri bolsa “bagyşlamalar” diýýär, sebäbi bu özümizi Hudaýa bagyşlaýan wagtymyzdyr. Kä adamlar säher bilen käbirleri bolsa agşamlaryna wagt aýyrýarlar. Bu wagta näme at berendigiňiz ýa-da onuň haçandygynyň tapawudy ýok. Esasy zat wagtly-wagtynda Hudaý bilen wagt geçirmekdir. Hudaý bilen geçirjek wagtymyzda nämeler edilmeli?

(a) Doga. Doganyň iň ýönekeý manysy Hudaýa ýüzlenmekdir. Gaýgy we aladalaryňyz barada Hudaý bilen gürleşiň. Hudaýyň paýhas bermegini we ýol görkezmegini soraň. Hudaýyň ätiýaçlaryňyzy üpjün etmegini soraň. Hudaýa Ony nähili söýýändigiňizi we Onuň size edenleri üçin Oňa nähili minnetdardygyňyzy aýdyň. Doganyň manysy şulardyr.

(b) Injil okamak. Injili ýygnakda, Ýekşenbe Mekdebinde we/ýa-da Injil okuwlarynda okamakdan başga, özüňiz hem Injili okamalysyňyz. Üstünlikli Mesihi ýaşaýyş üçin siziň bilmeli hemme zadyňyz Injilde bardyr. Akylly kararlara gelmek, Hudaýyň islegini bilmek, başgalara ýardam bermek we ruhy taýdan özüňizi ösdürmek boýunça Hudaýyň ugrukdyrmasy Injilde bardyr. Injil Hudaýyň bize aýdan Sözüdir. Injile aslynda Hudaýa ýaranmak we özümizi kanagatlandyrmak üçin nähili ýaşamalydygyny görkezýän gollanma diýsek hem bolar.

4. Ruhy taýdan ösüşiňize ýardam berjek adamlar bilen gatnaşyň.

1 Korintoslylar 15:33 şeýle diýýär “ Aldanmaň! Ýaman ýaranlar ýagşy ahlagy bozýandyr.” Injil “erbet” adamlaryň bize edýän täsirleri baradaky duýduryşlardan doludyr. Günä işler edýän adamlar bilen wagt geçirmek bizde olaryň işlerine meýil döreder. Daş-töweregimizdakileriň hüý-häsiýeti bize hem "çyrşalar." Şonuň üçin hem öz daşymyzy Rebbi söýýän we Oňa özüni bagyşlan adamlar bilen gurşamalydyrys.

Ýygnagyňyzdan, sizi goldajak we size ýardam berjek bir-iki sany dost tapynyň (Ýewreýler 3:13; 10:24). Asuda wagtyňyz, işleriňiz we Hudaý bilen ýoldaşlygyňyz barada sizden hasap soramaklaryny dostlaryňyza haýyş ediň. Olar üçin hem şeýle etmek isleýändigiňizi aýdyň. Bu Reb Isany Halasgärleri diýip bilmeýän ähli dostlaryňyz bilen gatnaşygy kesmegi aňlatmaýar. Olar bilen dostlugy dowam etdiriň we olary söýüň. Olara Isanyň durmuşyňyzy özgerdendigini we öň eden işleriňizi indi edip bilmejekdigiňizi bildiriň. Isany öz dostlaryňyz bilen paýlaşmaga mümkinçilik döretmegi üçin Hudaýa ýalbaryň.

5. Çokundyrylyň.

Köp adam çokundyrylmaga ýalňyş düşünýär. “Çokundyrmak” sözi suwa çümdürmek diýen manyny berýär. Çokundyrma Mesihe iman edendigiňizi we Oňa eýermekdäki niýetiňizi köpçülige habar bermegiň Injili usulydyr. Suwa çümdürilmek Mesih bilen jaýlanmagy aňladýar. Suwdan çykmak Mesihiň direlmegini görkezýär. Çokundyrylmak özüňizi Isanyň ölümi, jaýlanmagy we direlmegi bilen baglanyşdyrmakdyr (Rimlilere 6:3-4).

Sizi halas edýän zat çokundyrylma däldir. Çokundyrylma günäleriňizi ýuwmaýar. Ol halas boluş barada diňe Isa ynanýandygyňyzy köpçülige aýan edýän boýunegijilik ädimidir. Çokundyrylmak möhümdir, sebäbi ol Mesihe iman edendigiňizi we Oňa eýermekdäki niýetiňizi köpçülige habar berýän boýunegijilik ädimidir. Eger çokundyrylmaga taýyn bolsaňyz, bu barada bir pastor bilen gürleşiň.

English



Türkmençe baş sahypa dolanmak

Ynha men Isa iman etdim... indiki maslahat?
Facebook icon Twitter icon Pinterest icon Email icon
© Copyright Got Questions Ministries